icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

25 ýanwar 2017

3137

AHHG döredilmeginiň taryhy

Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) 1992-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady hem-de ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen döredildi.

Merkezi Aziýa döwletleri özleriniň garaşsyzlygyny alanlaryndan soňra, suw serişdelerini paýlaşmagyň täze ulgamyny döretdiler. Garaşsyz döwletleriň suw hojalyk ministrleri 1992-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Ylalaşyga gol çekdiler we onda suw serişdelerini bilelikde dolandyrmagyň deň hukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda amala aşyryljakdygyny yglan etdiler.

1992-1994-nji ýyllar aralygynda howandarlaryň ýardam bermegi bilen şu döwletara guramalar döredildi: Merkezi edarasy Almaty şäherinde ýerleşýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasy (AHHG) hem-de Merkezi edarasy Taşkent şäherinde ýerleşýän we Türkmenistanyň Suw Hojalyk Ministriniň ýolbaşçylygyndaky Ýerine ýetiriji komiteti bilen Aral deňziniň basseýniniň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşi (ADBHG). AHHG esasy wezipesi serişdeleri gözlemek we bir ýere jemlemek  bolup durýar, ADBHG esasy wezipesi bolsa Aral deňziniň basseýniniň Maksatnamasyny (ADBM) işläp düzmekden we ýerine ýetirmekden ybarat.

1997-nji ýylyň fewralynda geçen AHHG-ny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda AHHG we ADBHG düzümini gaýtadan gurmaklyga we birleşdirmeklige degişli bolan esasgoýujy çözgütler kabul edildi. Şeýle hem Ýerine ýetiriji komitetde başlyklyk etmeklige we onuň rotasiýasyna, Ýerine ýetiriji komitetiň ýerleşýän ýerine we gazna girizmeli paý tölegleriň möçberine degişli çözgüt kabul edildi. AHHG iň wajyp wezipeleri hökmünde şular kesgitlendi: suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň we daşky gurşawy goramagyň özara kabul ederlik guralyny işläp düzmäge gönükdirilen taslama teklipleri işläp düzmek;  Aralýaka sebitiniň biologiki gaznasyny gorap saklamak; ekologiki çökgünligiň daşky gurşawa we, iň esasy -  sebitde ýaşaýan adamlaryň ömür-ýaşaýşyna, heläkçilikli täsirini azaltmak.

1999-njy ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy geçdi we AHHG Düzgünnamasy we AHHG hukuk derejesi baradaky Ylalaşyk tassyklandy hem-de  Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi.

AHHG işiniň häzirki wagta çenli netijesi hökmünde Aral deňziniň basseýninde ýerleşýän ýurtlara kömek bermek boýunça üç sany Maksatmnamalaryň (ADBM-1, ADBM-2, ADBM-3) işlenilip düzülmegi, kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi bolup durýar.

AHHG çäklerinde iki sany komissiýa hereket edýär – Merkezi Aziýanyň Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy (HUSK) we Durnukly ösüş boýunça Hökümetara komissiýasy (DÖHK).

1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda Almaty şäherinde özbaşdak döwletler tarapyndan gol çekilen, Hökümetara suw serişdelerini bilelikde ulanmak, dolandyrmak we goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy (HUSK) döredildi. HUSK esasy maksady esasy suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suw ulanmak boýunça çägini (limitini) tassyklamak, şol sanda uly suw howdanlarynyň işiniň tertibini işläp düzmekden we tassyklamakdan, suw serişdeleriniň hakyky derejesinden ugur alyp suw serişdelerini dolandyrmakdan, hem-de ýüze çykýan suw hojalyk ýagdaýyny göz öňüne tutmakdan, şeýle hem Aral deňziniň guramagy  we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmekden we ýerine ýetirmekden, derýalaryň deltalaryna we Aral deňzine suw bermek boýunça her ýylky möçberleri kesgitlemekden ybaratdyr.   

DÖHK Aral deňziniň basseýniniň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň çözgüdi bilen döredildi (1994-nji ýylyň 19-njy iýuly, Aşgabat şäheri). Bu komissiýanyň maksady daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan we dolandyrmakdan ybarat. DÖHK esasy wezipeleri – durnukly ösüş boýunça sebitleýin strategiýany işläp düzmek, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda sebitleýin maksatnamalary, iş meýilnamalaryny we taslamalary dolandyrmak, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan serhetüsti meseleleri göz öňünde tutýan tebigaty goraýyş konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak.   

AHHG esasy iş edarasy – Ýerine ýetiriji komitet nobata laýyklykda Almaty şäherinde (1993-1997 ýyllarda), Taşkent şäherinde (1997-1999 ýyllarda), Aşgabat şäherinde (1999-2002 ýyllarda), Duşande şäherinde (2002-2008 ýyllarda), Almaty şäherinde (2009-2012 ýyllarda), Taşkent şäherinde (2012-2016 ýyllarda) ýerleşdi.

2017-nji ýyldan başlap 2019-njy ýylyň awgust aýyna çenli AHHG Ýerine ýetiriji komiteti Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi