icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

01 October 2022

40644

Culture

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.

Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däpleri, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu ugurda halkara derejede amala aşyrylýan tagallalara döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Ägirt uly taryhy, medeni we ylmy ähmiýeti bolan Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Geljekde Türkmenistanyň gözel ýerleriniň biri hasaplanýan Köýtendagyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini we goraghananyň beýleki tebigy ýadygärliklerini bu Sanawa goşmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri tutuş adamzadyň öçmejek baýlygy bolup durýar. Gadymy türkmen topragy deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen meşhur amaly-haşam sungaty dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe.

Ýurdumyz sebitiň ykrar edilen parahatçylyk dörediji we iri medeni, taryhy merkezi bolmak bilen, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Merdana ata-babalarymyzdan miras galan sungatymyzyň we medeniýetimiziň görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty girizildi.

Ylma, bilime we medeni diplomatiýa Türkmenistanyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde ähmiýet berilýär. Ylym-bilim hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, milli medeni gymmatlyklary wagyz etmek medeni-ynsanperwer diplomatiýanyň tejribesinde möhüm gurallar hasaplanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerur bolup durýandygy barada nygtady. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Mälim bolşy ýaly, dünýä belli bolan Jeýtunda, Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Merwde, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda senetçiligiň, ussaçylygyň, amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, kämil görnüşleri ýüze çykarylyp, adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşdy. Taryhy meşhurlyga eýe bolan ýurdumyzdaky gadymy ilatly ýerleriň we iri söwda şäherleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän medeni mirasyň bardygyny ýüze çykardy. Türkmen halky özüniň şöhratly taryhynda orun alan senetçiliginiň we milli mirasynyň nusgalyk görnüşleriniň dünýäde giň meşhurlyga eýedigine hem-de olaryň umumadamzat medeniýetine örän uly goşant goşýandygyna buýsanç bilen garaýar.

Ýurtda halkara derejedäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir.

«Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2015-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» laýyklykda, döwürleriň, ruhy we medeni mirasyň, özboluşly we gaýtalanmajak däpleriň dowamlylygynyň hakyky arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, milli sungatyň, halk senetçiligiň we ussaçylygyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanyp hem-de kämillik derejesine ýetirilip, geljekki nesillere peşgeş berilmegi üçin görelde alarlyk döwlet syýasaty alnyp barylýar.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan