icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 fewral 2017

25788

Migrasiýa hakynda

(Türkmenistanyň 04.05.2013 ý. № 399-IV, 09.11.2013 ý. № 453-IV,

13.06.2014 ý. № 90-V, 28.02.2015 ý. № 204-V 26.03.2016 ý. № 367-V

we 12.09.2016 ý. № 437-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onuň çäginde bolmagynyň we Türkmenistandan gitmeginiň tertibini belleýär, Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlarynyň çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny, Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlygyny kesgitleýär.

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) migrasiýa – fiziki şahslaryň Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýerini üýtgedip ondan-oňa geçmegi;

2) migrant – Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýerini üýtgetmek maksady bilen ondan-oňa geçýän fiziki şahs;

3) daşary ýurt raýaty – Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adam;

4) raýatlygy bolmadyk adam – Türkmenistanyň raýaty bolmadyk we haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bolmadyk adam;

5) emigrasiýa – Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan çykyp, hemişelik ýaşamak maksady bilen daşary ýurt döwletlerine gitmegi;

6) emigrant – Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine hemişelik ýaşamak maksady bilen gidýän Türkmenistanyň raýaty;

7) içerki migrasiýa – fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan ýerini üýtgedip, ondan-oňa geçmegi;

8) üstaşyr migrasiýa – daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň üstünden daşary ýurt döwletlerine geçmegi;

9) zähmet migrasiýasy – Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşary, şeýle hem daşary ýurt döwletlerinde hemişelik ýaşaýan we Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen kanuny esasda meýletin ondan-oňa geçmegi;

91) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmagy – munuň özi Türkmenistanda zähmet şertnamasy ýa-da işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) boýunça raýat-hukuk häsiýetli şertnama esasynda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň amala aşyrýan işi;

92) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda bikanun zähmet işini amala aşyrmagy – munuň özi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmadyk, şonuň ýaly-da Türkmenistanda işlemäge rugsatnamada görkezilen hünärinden başga hünär boýunça, zähmet işini amala aşyrmaga rugsat berlen çäklerden başga çäklerde, şeýle hem bellenilen tertipde resmileşdirilmedik, uzaldylmadyk Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy esasynda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň amala aşyrýan işi;

93) daşary ýurtly işgär – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrýan daşary ýurt raýaty;

10) bikanun migrasiýa – fiziki şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny bozup, Türkmenistana gelmegi, onuň çäginde bolmagy we Türkmenistandan gitmegi;

11) wiza – daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ykrar edilen, Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge rugsat berýän pasportynda ýa-da onuň ornuny tutýan ýol resminamasynda bellik (degişli döwlet edaralarynyň möhri basylan ýörite stiker);

12) akkreditasiýa şahadatnamasy –Türkmenistanyň çäginde halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama berilýän resminama;

13) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berlen, daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara olaryň şahsyýetini tassyklaýan we Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän resminama;

14) administratiw tertipde çykarmak – Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden Türkmenistanyň çäklerinden daşary mejbury we gözegçilik edilýän ýagdaýda çykarylmagy;

15) Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar  toplumy – Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsy maglumatlarynyň ýeke-täk hasabyny ýöretmegiň ulgamy;

16) ýaşalýan ýer – fiziki şahsyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri;

17) bolunýan ýer – fiziki şahsyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeri.

18) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça hasaba almak ‒ ygtyýarly edilen edaralar tarapyndan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça, şeýle hem onuň bir ýerden başga ýere geçmegi barada maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasaba alynmagy;

19) daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary ýaşaýan/bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň döwlet maglumatlar ulgamy ‒ daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda aýratyn ugurlardaky migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek üçin döredilen maglumatlar gorlarynyň jemi.

2-nji madda. Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunçylygy

1. Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, migrasiýa degişli meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

2. Şu Kanunyň täsiri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmek, dikeldilmek we raýatlygyndan çykmak hakynda towakga eden adamlara, şeýle hem bosgunyň derejesini alan ýa-da şol derejäni almak hakynda towakganama bildiren adamlara degişli däldir.

3-nji madda. Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri

Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) adamyň ýaşaýan ýerini, işiniň görnüşini we hünärini erkin saýlap almaga, hereket etmek azatlygyna bolan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklaryny üpjün etmäge;

2) haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine salgylanylyp ýa-da beýleki sebäpler boýunça şahsyýetiň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kemsidilmegine ýol bermezlige;

3) migrasiýa babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge;

4) Türkmenistanda bikanun migrasiýany ýüze çykarmaga, öňüni almaga we aradan aýyrmaga;

5) migrantlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna sarpa goýmagyna we ony berjaý etmegine;

6) içerki migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek çygrynda ygtyýarly döwlet edaralarynyň hyzmatdaşlyk etmegine, jemgyýetçilik birleşikleri bilen arkalaşykly hereket etmäge;

7) ygtyýarly döwlet edaralarynyň daşarky migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmäge gatnaşmagyna.

4-nji madda. Şu Kanunyň esasy wezipeleri

Şu Kanunyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanda migrasiýa ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek we durnuklylaşdyrmak;

2) migrantlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek;

3) bikanun migrasiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak;

4) Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumyny ýöretmek;

5) migrasiýa ýagdaýlarynyň ösýän şertlerinde milli howpsuzlygyň üpjün edilmegine we döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegine ýardam bermek;

6) migrasiýa ýagdaýlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň usulyny kämilleşdirmek.

5-nji madda. Migrasiýa babatda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary

1. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we migrasiýa meseleleri bilen meşgullanýan beýleki döwlet edaralary migrasiýa babatda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary bolup durýarlar.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.

II BÖLÜM. DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ, RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMLARYŇ TÜRKMENISTANA GELMEGI, ONDA BOLMAGY WE TÜRKMENISTANDAN GITMEGI

6-njy madda. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga we ondan gitmäge rugsat bermek

1. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistana gelmek üçin wiza esasynda Türkmenistanyň çäklerine gelip we onda bolup bilerler.

Türkmenistana ýaşamak üçin gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegi we onda bolmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy berlen raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde wizasyz ýaşaýarlar, ýol resminamasy boýunça Türkmenistandan gidýärler we Türkmenistana gelýärler.

Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy esasynda ýaşaýan ýeri boýunça bellenilen tertipde hasaba alynmaga we ýazga goýulmaga degişlidirler.

Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň resmileşdirilip berilmegi, möhletiniň uzaldylmagy, çalşyrylmagy, gaýtadan resmileşdirilmegi, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň resmileşdirilip berilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet pajy ýa-da konsullyk ýygymlary alynýar. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylyp bilner.

3. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çägine girenden soň ýa-da ýurduň çäginde bolýan ýerini üýtgedip, barmaly ýerine barandan soň, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanun arkaly bellenilen tertipde, alnan wizalar ýa-da ýaşamak üçin ygtyýarnamalar esasynda üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) hasaba durmaga borçludyrlar.

4. Türkmenistanda zähmet işini amala aşyrmak üçin daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmalydyr.

Türkmenistanda işlemäge rugsatnama almak boýunça talap şu aşakdaky adamlar babatynda bildirilmeýär:

Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen şahsyýetini tassyklaýan resminamalary bolan raýatlygy bolmadyk adamlar;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndanakkreditirlenilen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri;

Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda döredilen ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň daşary ýurtly işgärleri hem-de halkara ynsanperwer we haýyr-sahawat guramalarynyň resmi wekilleri;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndanakkreditirlenilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary (žurnalistleri);

Türkmenistanyň çäklerinde resmi taýdan bellige alnan dini guramalaryňdaşary ýurtly dini işgärleri;

mugallymçylyk, ylmy we medeni-aň-bilim işlerini amala aşyrmak, şol sanda Türkmenistanyň bilim edaralarynda gysga ýa-da belli bir möhletleýin okuw sapaklary we maslahatlary geçirmek üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp çagyran daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

maliýe, audit we beýleki barlaglary, gulluk gepleşiklerini geçirmek, şertnamalary baglaşmak, şeýle hem bilermen hökmünde bir aýa çenli möhlet bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

enjamlary gurnamak, abatlamak we tehniki hyzmatlary amala aşyrmak üçin bir aýa çenli möhlet bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň işgärleri;

ýuridik şahslaryň (olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda zähmet gatnaşyklarynda durmaýan esaslandyryjylar, paýdarlar, ýolbaşçylar we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň dolandyryş düzümine girýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça okaýan we okuwdan boş wagtlarynda hem-de dynç alyş döwründe şol edaralarda işleýän daşary ýurtlytalyplar;

şertli iş kesilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

daşary ýurt döwletleriniň halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar;

Türkmenistanda gaçybatalga berlen adamlar;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bosgun diýlip ykrar edilen adamlar;

bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen ýüz tutan webosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy barada wagtlaýyn şahadatnama alan adamlar;

Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýa-da hemişelik ýaşamak maksady bilen Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar;

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndaişe çekmegiň başga tertibi kesgitlenilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar.

5. Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň we Türkmenistanda işlemäge rugsatnamanyň möhletini uzaltmak hakynda towakga etmäge haky bardyr.

6. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şu halatlarda Türkmenistandan çykyp gitmäge borçludyrlar:

wizanyň, ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

wizany, ýaşamak üçin ygtyýarnamany uzaltmak hakyndaky towakganamalary kanagatlandyrylman galdyrylanda;

olaryň ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda ýa-da olara berlen wiza, ýaşamak üçin ygtyýarnama ýatyrylanda;

şeýle hem beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda.

7-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi we ondan gitmegi

1. Degişli wizalary bar mahaly daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Döwlet serhedinde halkara gatnawlary üçin açylan gelip-gidýänlere gözegçilik postlarynyň  üsti bilen ýaşyna garamazdan özlerine aýrybaşga resmileşdirilen hakyky daşary ýurt pasportlary boýunça, raýatlygy  bolmadyk adamlar bolsa, özleriniň hemişelik ýaşaýan ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen şahsyýetine güwä geçýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistana gelýärler hem-de Türkmenistandan gidýärler.

2. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny ýitiren halatynda, ol bu barada haýal etmän migrasiýa gullugynyň, içeri işler edaralarynyň golaýdaky bölümine we degişli bolan döwletiniň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna habar bermelidir hem-de içeri işler edaralaryndan şeýle ýagdaý barada ýazmaça tassyknamany almalydyr.

3. "Türkmenistanyň hormatly raýaty" diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýaty "Türkmenistanyň hormatly raýaty" diýen ada berlen şahadatnamany görkezip, hakyky daşary ýurt pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminama esasynda Türkmenistana gelýär we ondan gidýär. Şu halatda daşary ýurt raýaty Türkmenistana wizasyz gelip biler.

4. Halkara sport çäreleriniň geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalary bar mahalynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalar esasynda wizasyz Türkmenistana gelýärler we Türkmenistandan gidýärler.

41. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe  daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistana gelmeginiň we Türkmenistandan gitmeginiň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär. (Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 367-V kanuny esasynda).

5. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň  Türkmenistana gelmeginiň we Türkmenistandan gitmeginiň başgaça tertibi Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly bellenilip bilner.

6. Daşary ýurt raýatyna,  raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistana şu aşakdaky esaslar boýunça gelmäge rugsat berilmeýär:

1) eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň Türkmenistana gelmegi çäklendirilen bolsa;

2) hakyky wizasy, pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy bolmadyk halatynda;

3) milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýa-da jemgyýetçilik hukuk tertibini goramagyň bähbitleri üçin;

4) eger onuň gelmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanda ýaşaýan beýleki adamlaryň saglygyna, hukuklaryna we  kanuny bähbitlerine wehim salýan bolsa;

5) eger onuň öň gelen wagty Türkmenistanyň kanunçylygynyň gödek bozulmagynyň halatlary bellenilen bolsa;

6) eger Türkmenistana gelmek hakynda towakganama beren mahaly özi barada galp maglumatlar ýa-da galplaşdyrylan resminamalar berlen bolsa;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar boýunça.

7. Türkmenistana gelmäge wizasy bar bolan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana girmegiň gadagan edilendigi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wezipeli adamy tarapyndan habar berilýär. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana girmegiň gadagan edilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

8. Daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama şu aşakdaky halatlarda Türkmenistandan gitmäge ygtyýar berilmeýär:

1) eger onuň garşysyna jenaýat işini gozgamaga esaslar bar bolsa, iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

2) eger oňa jenaýat edendigi üçin iş kesilen bolsa – jezasyny çekýänçä ýa-da jezadan boşadylýança;

3) eger şol adamyň gitmegi milli howpsuzlygyň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, onuň gitmegine päsgel berýän ýagdaýlar aradan aýrylýança;

4) eger ol kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa – borçnamalary ýerine ýetirýänçä;

5) eger ol barada kazyýetde raýat ýa-da arbitraž hak islegi bildirilen bolsa, iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýa-da onuň gitmegine päsgel berýän başga ýagdaýlar bar bolsa.  

8-nji madda. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek

1. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginden  üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr geçmegiň düzgünlerini berjaý etmelidirler we bellenen ugur boýunça geçmelidirler. Olar Türkmenistanyň çäginde üstaşyr geçmegiň wizasynda görkezilen möhletden artyk diňe wizanyň möhletiniň uzaldylan halatynda saklanyp bilerler.

3. "Türkmenistanyň hormatly raýaty" diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçip barýarkalar wizalary bolmazdan Türkmenistanyň çäginde saklanyp bilerler.

9-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsy ýa-da gulluk awtoulag serişdesinde Türkmenistana gelmeginiň, onda hereket etmeginiň we ondan gitmeginiň tertibi

1. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsy ýa-da gulluk awtoulag serişdesinde Türkmenistana gelmeginiň, onda hereket etmeginiň we ondan gitmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

2. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hökmany yzyna alyp gitmek şerti bilen getiren ulag serişdeleri bellenilen möhletiň geçmegi boýunça Türkmenistanyň çäklerinden alnyp gidilmäge degişlidir we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandan başga halatlarda Türkmenistanyň çäklerinde aýrybaşgalanyp bilinmez.

3. Şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen kadalaryň bozulan halatynda aýrybaşgalanan awtoulag serişdesi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we esasda döwletiň haýryna geçirilip bilner.

10-njy madda. Wizalary bermek we olaryň hereket ediş möhletini uzaltmak

1. Daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmek üçin wizalary bermek we olaryň hereket ediş möhletini uzaltmak:

Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň üsti bilen;

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.  

2. Wizalaryň derejeleri we görnüşleri, şeýle hem olary resmileşdirmegiň, bermegiň we hereket ediş möhletini uzaltmagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

3. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistana gelmäge we Türkmenistandan gitmäge wizalary bermek hem-de wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin şu aşakdakylar esas bolup durýar:

1) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we şolar bilen deňleşdirilen wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen daşary ýurt žurnalistleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen wekilçilik şahadatnamasy we şol wekilhanalaryň, edaralaryň hem-de guramalaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmalary;

2) Türkmenistanyň kabul ediji guramalarynyň we hemişelik daşary ýurt wekilhanalarynyň ugry boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şol guramalaryň hem-de wekilhanalaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmalary;

3) gulluk we işewürlik maksatlary bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin saparlaryň gulluk we işewürlik häsiýetlerine güwä geçýän zerur resminamalary goşmak bilen kabul ediji guramalaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde towakganamasy;

4) zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan berlen Türkmenistanda işlemäge bolan rugsatnamasy;

5) hususy işler boýunça Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin fiziki şahslaryň bellenilen görnüşdäki çakylygy ýa-da daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde towakganamasy;

6) Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin barylýan ýurda girmäge hukuk berýän resminamalara goşulan ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy;

7) syýahatçylyk maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şahsy arzasy ýa-da kabul edýän syýahatçylyk guramasynyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde towakganamasy;

8) Türkmenistana okamak maksady bilen gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin okuw mekdepleriniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde towakganamalary;

9) lukmançylyk barlagyndan geçmek we bejeriş üçin Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalar;

10) daşary ýurt döwletleriniň halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslar üçin ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy ýa-da kabul edýän guramanyň ýazmaça ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde towakganamasy;

11) daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam wizany resmileşdirmezden Türkmenistana gelen we onuň çäginde bolýan halatynda, şeýle hem wizanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy, wizanyň ýatyrylmagy we Türkmenistanda bolmaly möhletiniň gysgaldylmagy, beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhletiniň tamamlanmagy, pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny ýitirmegi bilen baglanyşykly bolýan halatynda şol adamlaryň çykyş wizasynyň berilmegi baradaky ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy ýa-da Türkmenistanda kabul edýän ýuridik şahslaryň ýüztutmasy.

Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanyň çägine bialaç gelen (bialaç duran) halatlarynda Türkmenistana gelmek üçin wizanyň resmileşdirilmegi ýa-da onuň Türkmenistanyň çäginde bolmaly möhletiniň uzaldylmagy daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň ýa-da gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahsyň towakganamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylygynyň rugsady esasynda migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) otlynyň, awtoulag serişdesiniň, gäminiň ýa-da uçaryň hereketini saklaýan betbagtçylykly tebigy hadysalarda;

2) ätiýaçlyk şaýlarynyň zaýalanmagy ýa-da ulag hadysasy netijesinde zaýalanan ulag serişdesiniň bejerilmeginiň zerurlygy ýüze çykanda;

3) lukmanyň çykaran netijesine laýyklykda hassanyň ýoluny dowam etmegi onuň janyna we saglygyna howply diýip hasap edilmegi bilen oňa gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň zerurlygy ýüze çykanda;

4) ýolagçylaryň bir ulag serişdesinden beýleki ulag serişdesine geçirilmegi bilen göz öňünde tutulmadyk saklanmalar ýüze çykanda.

4. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar, guramalar bellenilen görnüşdäki ýazmaça ýüztutmalary resmileşdirýärler we olar wiza ýüztutmasy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberilýär.

5. Ýüztutmalaryň görnüşleri we ýüztutma goşulýan resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

11-nji madda. Wizany bermekden ýüz döndermek üçin esaslar

1. Daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama wizany bermekden ýüz döndermek üçin şu aşakdakylar esas bolup biler:

1) eger ol parahatçylyga we adamzada garşy jenaýat eden bolsa;

2) eger oňa agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilen bolsa;

3) eger ol barasynda jenaýat işi gozgalan bolsa, iş boýunça deslapky derňew, kazyýet derňewi ýa-da kazyýet önümçiligi tamamlanýança;

4) eger onuň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşamagy Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine ters gelýän, jemgyýetçilik hukuk tertibini bozup ýa-da ýurduň ilatyna ahlak taýdan zelel ýetirip biljek bolsa;

5) eger munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolsa;

6) eger ol аdamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän kesel (AIW ýokuşmasy) bilen kesellän, weneriki kesellerden, neşekeşlikden ýa-da Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň ilatynyň saglygyna zyýan ýetirýän keselleriň sanawyna girizilen başga keselden ejir çekýän bolsa;

7) eger ol wiza almak maksady bilen görnetin ýalan maglumatlary habar beren bolsa;

8) eger öň ol barasynda Türkmenistana gelmäge çäklendirme ulanylan bolsa, çäklendirme möhleti tamamlanýança;

9) eger ol administratiw tertipde Türkmenistandan çykarylan bolsa, administratiw tertipde çykarmagyň möhleti tamamlanýança;

10) eger ol Türkmenistanda bikanun bolýan bolsa ýa-da başga bir daşary ýurt raýatyna, raýatlygy  bolmadyk adama Türkmenistanyň çäklerine bikanun aralaşmaga ýardam beren bolsa;

11) eger ol terrorçylyk, döwlete garşy, ekstremistik ýa-da gaýry jenaýatçylykly guramalaryň agzasy ýa-da olara dahylly adam bolsa.

2. Wizany bermekden  ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap üç  iş gününiň dowamynda habar berilýär.

12-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk

adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa

gullugynda hasaba alynmagy we hasapdan

çykarylmagy

1. Türkmenistana gelеn daşary ýurt  raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň degişli edaralarynda üç iş gününiň dowamynda (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär) hasaba durmaga borçludyrlar. Ata-eneleri, çagany perzentlige alanlar, hossarlar (howandarlar) ýa-da olaryň biri bilen Türkmenistana  gelen kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar olar bilen bir wagtda hasaba alynýar.

2. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:  

1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistana gelmegi;

2) dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýän daşary ýurt raýatynyň ýa-da beýleki şahsyň Türkmenistanyň çäginde dogulmagynyň bellige alynmagy;

3) Türkmenistanda bolýan şahs tarapyndan Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi.

3. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasapdan çykarmak üçin aşakda görkezilenleriň biri esas bolup durýar:

1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi;

2) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda aradan çykmagy;

3) Türkmenistanda bolan daşary ýurt raýatyny, raýatlygy bolmadyk adamy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;

4) Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak ýa-da hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak olaryň şahsy arzasy ýa-da olary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslaryň, guramalaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda geçirilýär. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak, wizanyň ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti uzaldylandan soň amala aşyrylýar. Hasaba almagyň we onuň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, şeýle hem hasapdan çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden girişi we çykyşy Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe bilen bellik etmek arkaly hasaba alynýar.

Şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, üç iş gününden köp möhlet bilen Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýan ýa-da bolýan ýerleri boýunça degişlilikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki müdirliklerinde, etraplardaky we etrap hukukly şäherlerdäki bölümlerinde (mundan beýläk - migrasiýa gullugynyň edaralary) hasaba durmalydyrlar.

Ýönekeýleşdirilen tertipde Türkmenistana gelеn daşary ýurt raýatlary diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar we olaryň bolmaly möhletleri hökümetara ylalaşyklary bilen kesgitlenilýär. Olar Türkmenistana gelen ýerindäki Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen gitmelidirler.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti bäş günden geçmeýän bolsa (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär), diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar.

Döwlet derejesinde Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlaryna, sergi-ýarmarkalaryna, ylmy maslahatlara, festiwallara, şeýle hem sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine we beýleki çärelere gelen daşary ýurt raýatlary ýeňilleşdirilen tertipde hasaba alnyp bilner. Hasaba almagyň ýeňilleşdirilen tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Şu aşakdakylar, bolýan ýerlerinde hasaba durmakdan boşadylýar:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çakylyklary boýunça Türkmenistana gelеn daşary ýurt döwletleriniň, parlamentleriniň we hökümetleriniň baştutanlary, döwlet, parlament we hökümet wekiliýetleriniň agzalary, şeýle hem hökümetara we halkara guramalarynyň wekiliýetleriniň agzalary, şonuň ýaly-da şol wekiliýetleriň personaly we sanalyp geçilen adamlaryň maşgala agzalary;

2) bellenilen tertipde Türkmenistana gelen daşary ýurt harby deňiz (derýa) we howa gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar;

3) daşary ýurt harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň deňiz portlarynda we deňiz portlary bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

4) halkara howa gatnawlarynyň raýat howa gämileriniň ekipažlarynyň, halkara demir ýol gatnawlarynyň otlularynyň brigadalarynyň düzümine girýän adamlar Türkmenistanyň howa we demir ýol menzillerinde we howa hem-de demir ýol menzilleri bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

5) Türkmenistana üç iş güninden köp bolmadyk möhlet bilen gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar (olaryň myhmanhanada ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän beýleki guramada, şypahanada, dynç  alyş merkezinde, pansionatda, kempingde, çagalar sagaldyş merkezinde, ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş hyzmatyny berýän saglygy goraýyş edarasynda ýa-da durmuş hyzmatlaryny berýän guramada bolýan ýagdaýlary muňa girmeýär.);

6) «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary.

5. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam hasaba alnanda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlaryň toplanmagy, ýazyp bellenmegi, saklanmagy, umumylaşdyrylmagy hem-de ulanylmagy amala aşyrylýar. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba alýan fiziki we ýuridik şahslardan, beýleki guramalardan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada gowuşýan maglumatlar esasynda migrasiýa gullugynyň edaralary daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň döwlet maglumatlar ulgamyny (mundan beýläk – hasaba almak ulgamy) döredýär.

Hasaba almak ulgamynda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada saklanylýan maglumatlar rugsat çäklendirilen maglumatlar bolup durýar. Hasaba almak ulgamynyň işlemegini üpjün etmegiň, onuň  bilen işlemegiň we ony ulanmagyň, ulgamda saklanylýan maglumatlara üýtgetmeler girizmegiň, görkezilen maglumatlara ygtyýar bermegiň, olary goramagyň we bermegiň tertibi, şeýle hem olary saklamagyň möhletleri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

Migrasiýa edaralarynyň beýleki edaralar bilen bilelikdäki hasaba almak ulgamlaryndaky maglumatlarynyň alşylmagynyň we bu babatda hyzmatdaşlyk etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bellenilýär.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlaryň hasaba almak ulgamyna girizilmegi üçin, şu Kanun arkaly daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlary  olaryň bolýan/ýaşaýan ýeri boýunça hasaba almaga hem-de hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmaga ygtyýarly edilen döwlet edaralary bellenilen görnüşdäki maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

Myhmanhanalar ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän Türkmenistanyň beýleki guramalary, ýatymlaýyn şertlerde saglygy goraýyş hyzmatyny berýän saglygy goraýyş edaralary, administratiw temmi hem-de jenaýat jeza çärelerini ýerine ýetirýän edaralar daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň gelen senesi, bolmaly möhleti we gidýän senesi hakynda maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ibermäge borçludyrlar.

Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň dogluşyny, ölümini bellige alýan, adyň, familiýanyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini, doglan senesi ýa-da ýeri hakynda maglumatlara üýtgetmeleri döwlet tarapyndan hasaba alýan Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary şol maglumatlary 24 sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

6. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alnandygy we hasapdan çykarylandygy hakyndaky maglumatlar ýaşalýan/bolunýan ýeri boýunça elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly migrasiýa gullugynyň edaralaryna berlip bilner.

13-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň beýleki ygtyýarly döwlet edaralarynda hasaba alynmagy

1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň halkara goragyndan peýdalanýan we aýratyn hukuk derejesi bolan şu aşakdaky toparlary hasaba alynýar:

1) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň baştutanlary, diplomatik işgärler, konsullygyň wezipeli adamlary, diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň dolandyryş-tehniki we hyzmat edýän işgärleri, harby attaşeleriň hem-de söwda wekilhanalarynyň edarasynyň işgärleri we olaryň ýanýoldaşlary, çagalary, görkezilen adamlaryň eklenjinde bolan ata-eneleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň baştutanlarynyň myhmanlary, eger şol myhmanlar şolaryň ýaşaýan ýerinde ýa-da görkezilen wekilhanalaryň we edaralaryň çäklerinde ýaşaýan bolsalar;

2) daşary ýurt döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň gulluk işleri boýunça Türkmenistana gelen we diplomatik ýa-da gulluk pasporty bolan işgärleri hem-de olaryň maşgala agzalary;

3) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna gulluk iş sapary bilen gelen daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary;

4) halkara guramalarynyň gulluk işleri boýunça Türkmenistana gelýän wezipeli adamlary, görkezilen guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň halkara guramalarynyň ýanyndaky Türkmenistanda ştab-kwartirasy bolan, şol guramalaryň tertipnamalaýyn resminamalaryna ýa-da degişli halkara şertnamalaryna laýyklykda diplomatik artykmaçlyklardan we goragdan peýdalanýan işgärleri we olaryň maşgala agzalary;

5) Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen pasportlar boýunça Türkmenistana gelen adamlar, eger olaryň Türkmenistanda bolmaly möhleti bäş günden geçýän bolsa (ýurduň çägine giren güni muňa girmeýär);

6) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan wekilçilik şahadatnamasy berlen daşary ýurt žurnalistleri we olaryň maşgala agzalary.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi görkezilen adamlara wekilçilik şahadatnamalaryny berýär ýa-da olaryň pasportlarynda hasaba alnandygy hakynda ýazgy ýazýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi zerur halatlarda, ýagny bu barada daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary, şeýle hem halkara guramalary we beýleki kabul edýän guramalar towakga edende, daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gelen jemgyýetçilik işgärlerini we olaryň maşgala agzalaryny hasaba alýar. Şeýle halatlarda görkezilen daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba durmakdan boşadylýar.

3. Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde hasaba alynýar.

4. Halkara sport çärelerine akkreditasiýa şahadatnamalary boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagynyň aýratynlyklary, şeýle hem  halkara sport çärelerine gatnaşýanlara  akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kesgitlenilýär.

41. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagynyň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär. (Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 367-V kanuny esasynda).

42. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň myhmanhanada ýa-da myhmanhana hyzmatlaryny berýän başga guramada hasaba alynmagy olaryň bu guramada bolýan ýeri boýunça gelen güni amala aşyrylýar. Şunda, daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň ýanyna onuň hasaba alnandygy barada bellenen görnüşdäki resminama berilýär.

5. Şu maddada görkezilen ygtyýarly döwlet edaralary hasaba alnan we  hasaba almagyň hereket ediş möhleti uzaldylan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda maglumatlary ýigrimi dört sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.

6. Şu maddada görkezilmedik daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynda hasaba alynýar.

III BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA ÝAŞAMAK ÜÇIN YGTYÝARNAMA

14-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek

1. Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýazylan towakganamany berýärler.

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin şu esaslaryň biriniň bolmagy hökmanydyr:

1) milletiniň türkmen bolmagy;

2) Türkmenistanyň raýaty bilen nika baglaşylmagy;

3) Türkmenistanyň raýaty bolup durýan ýakyn garyndaşlarynyň (är-aýalynyň, atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, ata-enesiniň, erkek doganynyň, uýasynyň, çagalarynyň, şol sanda perzentlige alnan çagalarynyň, agtyklarynyň) Türkmenistanda ýaşamagy;

4) Türkmenistanyň raýatlaryna hossarlygyň we howandarlygyň bellenen tertipde  resmileşdirilmegi;

5) Türkmenistanyň ykdysadyýetine azyndan ABŞ-nyň 500 müň dollary möçberinde maýa  goýulmagy;

6) dürli ugurlarda ýokary hünäriniň, şeýle hem ylym, medeniýet, sungat we sport babatda gazanan uly üstünlikleriniň bolmagy hem-de şolaryň Türkmenistanyň bähbitleri üçin peýdalanylyp bilinmegi;

7) GDA-nyň ýurtlaryndan gelen, GDA-nyň ýurtlary bilen wiza düzgüni girizilýänçä Türkmenistanda ýazga alnan GDA-nyň ýurtlarynyň raýatlary ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar bolmagy.

3. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar soňky iki ýyldan az bolmadyk möhletde Türkmenistanyň çäginde ýaşandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin ýüz tutup bilerler.

Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn halatlarda şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilmedik esaslar boýunça we şu bölegiň 1-nji bendine garamazdan ýaşamak üçin ygtyýarnama berip biler.

4. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga isleg bildirýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna degişli towakganama berýärler. Şol towakganama Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna garamak üçin iberilýär.

5. Kämillik ukyby bolan, 18 ýaşy dolan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak hakynda towakga etmäge hukugy bardyr.

Ata-enelere ýa-da olaryň birine berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama 16 ýaşyna ýetmedik (şol sanda perzentlige alnan) çagalaryna hem degişli edilýär. Аta-eneleriniň ýa-da olaryň biriniň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bar mahaly 16 ýaşy dolan çagalara ata-enelerinden biriniň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen arzasy esasynda ýaşamak üçin ygtyýarnama Wizalaryň berlişine gözegçilik baradaky topar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär.

Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar 16 ýaşy dolandan soň alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak üçin ýüz tutmalydyrlar.

Ýaşamak üçin ygtyýarnama möhletleýin berilýär.

Ýaşamak üçin ygtyýarnama daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalarynyň möhletine laýyklykda bäş ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak meseleleri boýunça towakganamalaryň kabul edilmegi, şeýle hem Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň resmileşdirilip berilmegi, möhletiniň uzaldylmagy, çalşyrylmagy, gaýtadan resmileşdirilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet pajy ýa-da konsullyk ýygymlary alynýar.

Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmeginden ýüz dönderilmegi hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy kabul edilýär.

6. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak baradaky towakganamalara seretmegiň möhleti alty aýdan geçmeli däldir.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy kabul edilenden soň on gün möhletde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigi hakyndaky çözgüdi arza berijiniň dykgatyna ýetirýär.

7. Ýaşamak üçin ygtyýarnama daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan ýa-da onuň ornuny tutýan resminamalary esasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär we Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara gowşurylýar.

Resmileşdirilen ýaşamak üçin ygtyýarnamany tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyklyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli barmak yzynyň üýtgemegi zerarly eýesine berlip bilinmedik halatynda, oňa ýaşamak üçin ygtyýarnama täzeden resmileşdirilende, resminamalaryň gaýtadan tabşyrylmagy we döwlet pajynyň tölenilmegi talap edilmeýär.

8. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen gowşurylýar.

9. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalary bilen Türkmenistana wiza resmileşdirmezden gelýärler we onda bolýarlar. Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama Türkmenistanyň Döwlet serhedinden köp gezek geçmäge hukuk berýär.

10. Şu Kanunyň 11-nji maddasynda görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilip bilner.

Ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.

11. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň nusgasy, ony resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanylýar.

15-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak

1. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna arza bilen ýüz tutýar. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak degişli barlaglardan soň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Şu Kanunyň 11-nji maddasynda görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilip bilner.

3. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.

16-njy madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany çalşyrmak

1. Zerur halatlarda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň arzasy boýunça ýaşamak üçin ygtyýarnama çalşyrylyp bilner. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnama şu halatlarda çalşyrylýar:

1) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi netijesinde onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy çalşyrylsa ýa-da şol resminama üýtgetmeler girizilse;

2) ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;

3) ulanmaga ýaramsyz ýagdaýda bolanda;

4) bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda;

adamyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüz keşbi üýtgände.

17-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamany ýatyrmak

1. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýatyrmak üçin şu halatlar esas bolup biler, eger ol:

1) ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi hakynda towakganama berlen mahaly galp maglumatlary beren bolsa;

2) kazyýetiň hökümi esasynda agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty etmekde günäli diýlip ykrar edilse;

3) milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini we ahlaklylygy üpjün etmegiň bähbitlerine ters gelýän hereketleri etse;

4) terrorçylyk, döwlete garşy, ekstremistik ýa-da gaýry jenaýatçylykly guramalaryň agzasy ýa-da olara dahylly adam bolsa;

5) Türkmenistanyň döwletara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýda daşary ýurt döwletiniň harby ýa-da beýleki döwlet gullugyna giren bolsa;

6) ýöriteleşdirilen bejeriş narkologik edarasynda hasapda durýan bolsa;

7) Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak maksadyna eýerip, Türkmenistanyň raýaty bilen galp nika baglaşan bolsa we bu nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň güýje giren çözgüdi bar bolsa;

8) zähmet gatnaşyklary esasynda Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama alyp, şol zähmet gatnaşyklaryny bes eden bolsa;

9) Türkmenistanyň raýaty bilen baglaşylan nikasy bäş ýylyň dowamynda bozulan we şol nikadan çagalary ýok bolsa, eger bu nika Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga esas bolan bolsa;

10) bir ýyldan köp wagtlap üznüksiz ýagdaýda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşan bolsa;

11) administratiw tertipde Türkmenistanyň çäginden çykarylsa;

12) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilse;

13) aradan çyksa ýa-da ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girse;

14) babatda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýatlygy bolmadyk adamynyň şahsyýetnamasy resmileşdirilse.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 12-nji, 13-nji we 14-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy tarapyndan çözgüt kabul edilýär.

3. Aradan çykan daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýatyrylan halatynda, onuň 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan olaryň 16 ýaşyny doldurmagy bilen ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga hukugynyň bardygy barada kepilnama berilýär. Kepilnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.

IV BÖLÜM. TÜRKMENISTANDA MIGRASIÝA  ÝAGDAÝLARYNA GÖZEGÇILIK

18-nji madda. Wizany ýatyrmak we Türkmenistanda bolmaly möhleti gysgaltmak

1. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň wizasyny ýatyrmak we Türkmenistanda bolmaly möhletini gysgaltmak üçin şu halatlar esas bolup biler:

1) eger ol Türkmenistanda bolmagyň bellenilen tertibini bozsa;

2) eger ol Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berse;

3) eger ol jemgyýet üçin howp döretse ýa-da durmuşda özüni ahlaksyz alyp barsa;

4) eger onuň Türkmenistanda mundan beýläk bolmagy üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Kabul edýän tarapyň we beýleki döwlet edaralarynyň towakganamasy boýunça hem daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň wizasy ýatyrylyp we Türkmenistanda bolmaly möhleti gysgaldylyp bilner.

3. Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň  wizasyny ýatyrmak we Türkmenistanda bolmaly möhletini gysgaltmak baradaky çözgüt Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy tarapyndan kabul edilýär.

19-njy madda. Türkmenistandan çykmak hakynda tabşyryknama we administratiw tertipde Türkmenistanyň çäklerinden çykarmak

1. Daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama migrasiýa gullugynyň edaralary şu halatlarda Türkmenistandan çykmaga tabşyryknama berýärler:

wizasynyň, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasynyň hereket ediş möhleti tamamlananda;

wizasynyň, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasynyň hereket ediş möhletini uzaltmak hakyndaky towakganamasy kanagatlandyrylman galdyrylanda;

ýurduň çäginde bolmaly möhleti gysgaldylanda;

wizasy, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýatyrylanda;

beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhleti tamamlananda.

Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam ýurduň çäginden çykmak hakyndaky tabşyryknamada görkezilen möhletde Türkmenistanyň çäklerinden çykmaga borçludyr.

2. Ýurduň çäginden çykmak baradaky tabşyryknama ýerine ýetirilmedik halatynda daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam administratiw tertipde Türkmenistandan çykarylmaga degişlidir.

3. Daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam şu halatlarda hem administratiw tertipde ýurtdan  çykarylyp bilner:

1) eger onuň hereketleri milli howpsuzlygy üpjün etmegiň ýa-da jemgyýetçilik hukuk tertibini goramagyň bähbitlerine ters gelse;

2) eger munuň özi ilatyň saglygyny we ahlaklylygyny goramak, Türkmenistanyň raýatlarynyň we beýleki adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak üçin zerur bolsa;

3) eger ol Türkmenistanyň kanunçylygyny gödek ýa-da birnäçe gezek bozan bolsa.

Administratiw tertipde ýurtdan çykarmak hakyndaky çözgüt toplanan maglumatlaryň esasynda migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan kabul edilýär.

4. Ýurtdan çykmak barada tabşyryknamada ýa-da administratiw tertipde ýurtdan çykarmak hakynda çözgütde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistana gelmegi wagtlaýyn çäklendirilip ýa-da hemişelik gadagan edilip bilner.

5. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginden administratiw tertipde çykarmak Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Administratiw tertipde ýurtdan çykarmak boýunça çykdajylar:

1) ýurtdan çykarylýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň serişdeleriniň;

2) kabul edýän guramanyň, ýuridik ýa-da fiziki şahsyň serişdeleriniň;

3) aýratyn halatlarda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

20-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinde hereket etmek

1. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin açyk bolan ýerlere erkin baryp we hereket edip bilerler.

2. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň barmagy üçin ýapyk bolan ýere olaryň barmagy we şol ýerde hereket etmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat almak bilen amala aşyrylýar.

Bu tertip daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hasaba alnan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara hem degişlidir.

21-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyran ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

1. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistana çagyrýan we kabul edýän ýuridik we fiziki şahslar daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklaryny we borçlaryny öz wagtynda düşündirmäge; olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmegini üpjün etmäge; olaryň wizasyny, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamasyny, işlemäge rugsatnamasyny we Türkmenistanda bolmagy bilen baglanyşykly beýleki resminamalaryny resmileşdirmegiň hem-de olary uzaltmagyň, hasaba almagyň we onuň hereket ediş möhletini uzaltmagyň, olara hereket etmäge, ýaşaýan (bolýan), işleýän ýerini üýtgetmäge hukuk berýän resminamalaryny resmileşdirmegiň bellenilen tertibini berjaý etmäge; ýurtda bolmagyň kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen hasapdan çykarmak üçin hem-de Türkmenistanyň çäginden gitmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirmek boýunça çäreleri görmäge; şeýle hem olaryň işleýän, ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysynyň üýtgändigi barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge borçludyrlar.

2. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň özlerine edilen saglygy goraýyş hyzmatlary üçin tölegi tölemäge mümkinçiligi bolmadyk ýa-da ony tölemekden boýun gaçyran halatynda, tölegi tölemek olary kabul eden tarapyň üstüne ýüklenilýär.

22-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi

1. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmagynyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Daşary ýurt işçi güýjüni Türkmenistanyň çägine çekmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň berýän rugsatnamalary esasynda amala aşyrylýar.

3. Zähmet migrasiýasynyň meseleleri düzgünleşdirilen mahaly içerki zähmet bazaryny goramak ileri tutulýan ähmiýete eýedir.

4. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işe çekilende we olara işlemäge rugsatnamalar resmileşdirilende Türkmenistanyň raýatlarynyň boş iş orunlary eýelemäge artykmaç hukugy baradaky ýörelge, şeýle hem iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygy berjaý edilmelidir.

Türkmenistanyň ileri tutulýan hünär toparlary bilen bagly, syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýyny hasaba almak bilen, şeýle hem Türkmenistanda işe çekilýän daşary ýurt işçi güýjüniň ulanylyşynyň  netijeliligine baha bermek maksady bilen, iş berijide işleýän daşary ýurt raýatlarynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň gatnaşygy zerurlyga görä Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde üýtgedilip bilner. Şunda daşary ýurtly işgärleriň bellenilen gatnaşygynyň möçberi köpelen ýagdaýynda, daşary ýurt raýatlarynyň bellenilen gatnaşygynyň doldurylmagy, belli bir hünär toparlaryna degişli daşary ýurtly işgärleriň çekilmeginiň zerurlygy we ileri tutulýan ykdysady döwlet taslamalarynyň ähmiýeti, daşary ýurtly işgärleriň bellenilen gatnaşygynyň möçberiniň azalan ýagdaýynda bolsa, içerki zähmet bazaryndaky ýagdaýyň üýtgemegi göz öňünde tutulýar.

Iş beriji tarapyndan işe çekilýän daşary ýurt raýatlarynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň ýol berilýän gatnaşygy, onuň üýtgetmeleri, şeýle hem daşary ýurtly işgärleriň sanynyň bellenilen gatnaşygyny üýtgetmegiň zerurlygyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

41. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanyň çägine gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işini amala aşyrmagynyň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär. (Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 367-V kanuny esasynda).

23-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet migrasiýasy tertibinde Türkmenistanda bolmagynyň şertleri

Raýatlygyny çalyşmak bilen baglanyşykly bolmadyk zähmet migrasiýasy tertibinde Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan ýeri bolmalydyr.

V BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDAN GITMEGI WE TÜRKMENISTANA GELMEGI

24-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmeginiň we Türkmenistana gelmeginiň tertibi

1. Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukugy bardyr.

Türkmenistanyň raýaty Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez.

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegi şu Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda wagtlaýyn çäklendirilip bilner.

2. Eger Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga tertip bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň raýatlary barylýan ýurduň wizasy ýa-da degişli rugsatnamasy bar mahaly Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşen, halkara gatnawlary üçin açyk bolan gözegçilik-geçiriş postlarynyň üstünden Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän hakyky resminamalar boýunça Türkmenistandan gidýärler, şunda olaryň pasportlarynda ýa-da pasportlarynyň ornuny tutýan resminamalarynda Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň senesi hakyndaky möhürçe arkaly bellik edilýär.

25-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goragy

Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň goragy we howandarlygy kepillendirilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletlerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler.

26-njy madda. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden gitmegi

1. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlary öz ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň biri bilen ýurduň çäginden gidip bilerler, şunda ata-eneleriniň beýlekisiniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Türkmenistanyň 18 ýaşyna ýetmedik raýatlary ýany bilen gidýän adamyň adyna öz kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy boýunça şol wekiller ýany bilen gitmezden Türkmenistandan gidip bilerler. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty ýany bilen hiç kim gitmezden Türkmenistandan gidýän halatynda, onuň ýanynda kanuny wekilleriniň şol raýatyň gitjek senesini we barýan ýurduny görkezýän we kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy bolmalydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.

Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň Türkmenistandan gitmeginiň meseleleri boýunça ata-eneleriň arasyndaky düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.

2. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli raýatlarynyň Türkmenistandan hemişelik ýaşajak ýerine gitmegi diňe olaryň ýazmaça görnüşde beýan edilen we kepillendiriş tertibinde güwä geçilen razylygy bar mahalynda amala aşyrylyp bilner.

3. Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik raýaty sport ýaryşlaryna, bilim bäsleşiklerine, medeni-köpçülikleýin, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak, şeýle hem saglygyny bejertmek we okuw maksatlary bilen we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň biriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanylan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda kämillik ýaşyna ýetmedik raýatyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

27-nji madda. Türkmenistanyň kämillik ukyby bolmadyk raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegi

Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge olaryň kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan razylygy esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda rugsat berlip bilner.  

28-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resminamalar

1. Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetine güwä geçýän resminamalar şular bolup durýar:

1) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty;

2) Türkmenistanyň raýatynyň diplomatik pasporty;

3) Türkmenistanyň raýatynyň gulluk pasporty;

Bu resminamalar Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar we olar kanunalaýyk resmileşdirilen halatynda Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hakykydyr.

2. Türkmenistanyň raýaty şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen resminamalary ýitiren halatynda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin berýän şahsyýeti tassyklaýan resminamasy Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän resminama bolup durýar.

3. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalaryň ýerine beýleki resminamalar peýdalanylyp bilner.

29-njy madda. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny resmileşdirmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny (mundan beýläk - pasport) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy resmileşdirýär.

2. Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar.

3. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar. Görkezilen raýatlara pasportlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda resmileşdirilýär hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen gowşurylýar. Olar Türkmenistanyň çäginde bolýan döwründe pasporty resmileşdirmek üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutup bilerler.

4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýaty bolup durýan her bir adama pasport resmileşdirilýär.

5. Pasportda bar bolan elektron maglumat göterijide onuň eýesiniň şahsy maglumatlary, şol sanda biometriki şahsy maglumatlary saklanýar. Bu şahsy maglumatlaryň sanawy Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

6. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde şahsy arzasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kabul edilýär. Raýatyň pasportyny resmileşdirmek üçin resminamalarynyň kabul edilen güni diýlip onuň elektron suratynyň we biometriki maglumatlarynyň alnan güni hasap edilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasportlar olaryň ata-eneleriniň biriniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde arzasy esasynda resmileşdirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň ýazmaça görnüşinde arzalary kabul edilende we pasportlary berlende olaryň gatnaşmagy hökmanydyr.

Pasport bäş ýyla çenli möhlete resmileşdirilýär.

Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline onuň şahsyýetine güwä geçýän resminamalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip gowşurylýar.

7. Pasportyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin döwlet pajy ýa-da konsullyk ýygymlary alynýar, olaryň möçberleri pasportlaryň taýýarlanylmagy we resmileşdirilmegi üçin hakyky çykdajylar nazara alnyp bellenilýär. Resmileşdirilen pasporty tehniki näsazlygyň, maglumatlarda nätakyklygyň, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli barmak yzlarynyň üýtgemegi zerarly eýesine berip bolmadyk halatynda, oňa pasport täzeden resmileşdirilende gaýtadan resminamalaryň tabşyrylmagy we döwlet pajynyň tölenmegi talap edilmeýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda 16 ýaşa ýetmedik çagalar, weteranlar, şeýle hem ähli topardaky maýyp adamlar döwlet pajyny tölemekden ýa-da konsullyk ýygymlardan boşadylýar.

8. Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da raýatlygy dikeldilen halatynda pasportlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda resmileşdirilýär.

9. Pasport şu halatlarda çalşyrylýar:

1) hereket ediş möhleti tamamlananda;

2) şahsy maglumatlary üýtgände;

3) ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;

4) ulanmaga ýaramsyz bolanda;

5) wizalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar tamamlananda;

6) raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä onuň barmak yzlary, ýüzkeşbi üýtgände.

Zerur bolan halatlarda pasportlar möhleti tamamlanmazyndan öň hem çalşylyp bilner.

10. Pasport şu halatlarda ýatyrylýar:

1) pasport çalşyrylanda;

2) Türkmenistanyň raýatlygy bes edilende;

3) pasportyň eýesi aradan çykanda;

4) tehniki näsazlyk, maglumatlarda nätakyklyk, raýatyň saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da başga ýagdaýlara görä barmak yzlarynyň, ýüz keşbiniň üýtgemegi bilen pasporty raýata berip bolmadyk halatynda.

Raýatyň pasporty ýatyrylanda onuň sahypalary deşilip, birinji sahypasyna «Ýatyryldy/Cancelled» möhürçesi basylýar. Pasport şu bölegiň birinji bendi boýunça ýatyrylanda eýesine gaýtarylyp berilýär, beýleki ýagdaýlarda bolsa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan bellenen tertipde ýok edilýär.

11.Pasporty resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary, şeýle hem pasportyň nusgasy we teswiri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

30-njy madda. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegini wagtlaýyn çäklendirmek üçin esaslar

1. Şu halatlarda Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmegi wagtlaýyn çäklendirilip bilner, eger:

1) ol döwlet syryny düzýän maglumatlar barada habarly bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhlet tamamlanýança;

2) onuň garşysyna jenaýat işi gozgalan bolsa, iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

3) oňa jenaýat edendigi üçin iş kesilen bolsa, jezasyny  çekýänçä ýa-da jezadan boşadylýança;

4) ol kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa, borçnamalar ýerine ýetirilýänçä;

5) ol kazyýetiň hökümi esasynda aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilen ýa-da aýratyn howply residiwde bilkastlaýyn jenaýaty amala aşyran diýlip hasap edilen ýa-da polisiýanyň administratiw gözegçiliginde durýan bolsa, iş kesilenlik aýyby aýrylýança ýa-da gözegçilik bes edilýänçä;

6) ol barada kazyýetde raýat hak islegi bildirilen bolsa, iş boýunça önümçilik tamamlanýança;

7) ol harby gulluga çagyrylmaga degişli bolsa, harby gullugy geçýänçä ýa-da ondan boşadylýança, Türkmenistanyň çäklerinden daşyna hemişelik ýaşamaga gidýän halatlary muňa degişli däldir;

8) ol daşary ýurt döwletlerinde bolan döwründe adam söwdasynyň pidasy bolmagy ýa-da gulçulyga duçar bolmagy mümkin diýen howatyrlanma bolan halatynda;

9) ol ozal daşary ýurt döwletlerinde bolan wagtynda bolan ýurdunyň kanunçylygyny bozan bolsa;

91 ) onuň gitmegi janyna we saglygyna howp salýan bolsa;

10) onuň gitmegi Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň bähbitlerine ters gelýän bolsa.

2. Daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün edip bolmajak adatdan daşary ýagdaý dörän halatynda Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň raýatlarynyň bu döwlete gidilmegini wagtlaýyn çäklendirmek hakynda karar kabul edýär.

31-nji madda. Jedelleri çözmegiň tertibi

1. Pasporty bermekden we resmileşdirmekden ýüz dönderilen, ol wagtlaýyn saklanylan ýa-da alnan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýaty bu hereketler barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edip biler.

2. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmeginiň şu Kanunyň 30-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça çäklendirilmegi şikaýat edilmäge degişli däldir.

32-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda okamagy we zähmet işini amala aşyrmagy

1. Harby gullukda durmaýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň çäklerinden daşarda okap we zähmet işini amala aşyryp bilerler.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde bilim almagy üçin olarda okuw mekdebiniň degişli tassyknamasy ýa-da çakylyknamasy raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça bilim edarasynda hasaba alnandygy barada güwänamasy bolmalydyr.

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde zähmet işini amala aşyrmagy üçin olarda:

kärhananyň takyk salgysyny görkezmek bilen, iş berijiden çakylyknamanyň;

barylýan ýurduň ygtyýarly edaralaryndan zähmet işini amala aşyrmak üçin degişli resminamasynyň bolmagy zerurdyr.

Ýokarda görkezilen şertler ýerine ýetirilmedik halatynda, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň okamak üçin ýa-da zähmet işini amala aşyrmak üçin daşary ýurt döwletine gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilip bilner.

32-nji madda. Türkmenistanyň harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlarynyň we harby gullukçylarynyň Türkmenistandan gitmegi

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmaga degişli we ondan boşadylmadyk hem-de harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşirilmedik Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmänkäler çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge borçludyrlar, hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşary gidýän raýatlar muňa degişli däldir.

2. Daşary ýurt döwletlerine wagtlaýyn gidýän, daşary ýurtlarda wagtlaýyn bolýan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluga çagyrylmaga degişli Türkmenistanyň raýatlary çagyryş hakyndaky habary alanlarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletde çagyryş boýunça harby gullugy geçmek üçin Türkmenistana gelmäge borçludyrlar.

3. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar hususy işleri boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistandan gidýärler.

33-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň gulluk, hususy işler hem-de syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistandan gitmegi

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň gulluk, hususy işler, şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistandan gitmäge hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurtdan gulluk, hususy işler, şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça gitmegi şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

34-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gitmeginiň tertibi

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gitmäge hukugy bardyr. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşary gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň barylýan ýurduň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän degişli wizasy ýa-da rugsatnamasy bolmalydyr.

2. Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna garamagyň we namalary resmileşdirmegiň umumy möhleti üç aýdan geçmeli däldir.

3. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary özlerine we maşgala agzalaryna degişli emlägi, kanuny esaslarda edinen daşary ýurt puluny alyp gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde özleriniň eýeçilik hukuklaryndaky emläge, pul serişdelerine, gymmatly kagyzlaryna we banklarda saklanylýan özge gymmatlyklaryna eýelik etmäge haklydyrlar. Olaryň raýat, durmuş, zähmet, ýaşaýyş jaý we beýleki hukuklarynyň islendik çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet üçin medeni, taryhy ýa-da beýleki gymmatlygy bolan zatlary Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegi Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýär.

4. Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamak üçin onuň çäklerinden gitmezinden öň fiziki we ýuridik şahslaryň öňündäki Türkmenistanyň hukuk meselelerini çözmek çygryna degişli bolan emläk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistandan gitmäge rugsat almak üçin Türkmenistanda galýan ata-enelerinden, şeýle hem Türkmenistanda galýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýagdaýynda olaryň Türkmenistandaky kanuny wekilinden aliment töleglerini töledip almak boýunça talaplaryň ýokdugy hakyndaky kepillendiriş tertibinde güwä geçilen arzany berýärler. Şol arzanyň haýsydyr bir sebäbe görä alnyp bilinmedik halatynda, Türkmenistandan gidýän Türkmenistanyň raýaty kazyýete ýüz tutmaga haklydyr, şunda kazyýet aliment borçnamalarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar. Aliment borçnamalary bolan halatynda kazyýetiň çözgüdi boýunça şol borçnamalar birwagtda üzülişilip bilner ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda aliment borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi bellenilip bilner.

5. Daşary ýurt döwletine barmagyň tertibi barylýan döwletiň degişli kanunçylygy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýär.

6. Türkmenistandan gitmek hakynda arza bilen ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan giden Türkmenistanyň raýatlary hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir wagtlyk Türkmenistana yzyna gaýdyp gelenlerinde, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kepillendirilýän ähli hukuklardan peýdalanýarlar we kanunda göz öňünde tutulan borçlary çekýärler.

35-nji madda. Emigrantlar bolup durmaýan adamlar

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we beýleki wekilhanalarynyň işgärleri, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn zähmet işini amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt döwletlerinde okuwda, saglygyny bejertmekde, syýahatçylykda, ýuridik we fiziki şahslaryň çakylygy boýunça, şeýle hem gulluk iş saparynda bolýan adamlar emigrantlara degişli däldir.

Türkmenistandan wagtlaýyn giden beýleki adamlar hem emigrantlara degişli däldir.

36-njy madda. Döwlet syrlaryna rugsady bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegi

1. Döwlet syrlaryna rugsady bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmegine «Döwlet syrlaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan halatlarda rugsat berilmän bilner.

2. Döwlet syrlaryny düzýän maglumatlardan habarly bolan raýatlara ýurtdan çykmaga wagtlaýyn çäklendirmäniň bardygy barada kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, harby bölümleriň dolandyryjylary tarapyndan işe (okuwa) kabul edilen we harby gulluga alnan mahaly mälim edilmelidir.

VI BÖLÜM. IÇERKI MIGRASIÝA

37-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak we boljak ýerini saýlap almaga bolan hukugy

1. Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak we boljak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak we boljak ýerini saýlap almaga bolan hukugyny çäklendirmäge şu Kanunda bellenilen esaslar boýunça ýol berilýär.

3. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, şeýle hem beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak we boljak ýerini saýlap almaga bolan hukugyny çäklendirmäge degişli çözgütleri, hereketleri ýa-da hereketsizligi barada raýatlar tarapyndan ýokarda durýan edara, ýokarda durýan wezipeli adama ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

38-nji madda. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty

1. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty onuň eýesiniň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan resminama bolup durýar.

2. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar we Türkmenistanyň ähli ýerinde hakyky güýje eýedir.

3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty Türkmenistanyň 16 ýaşy dolan her bir raýatyna resmileşdirilýär.

4. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatynyň arzasy boýunça onuň pasporty çalşyrylyp bilner.

6. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň resmileşdirilmegi we berilmegi, şeýle hem onuň çalşyrylmagy üçin bellenilen tertipde töleg alynýar. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry raýatlar töleg tölemekden boşadylyp bilner.

7. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

8. Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

39-njy madda. Mejbury geçirilmekden goranmaga bolan hukuk

1. Türkmenistanyň her bir raýatynyň öz ýaşaýan ýa-da bolýan ýerinden mejbury geçirilmekden goranmaga hukugy bardyr.

Mejbury geçirilmekden goranmaga bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutmak arkaly durmuşa geçirilip bilner.

2. Ýaşaýan ýerinden ýa-da bolýan ýerinden Türkmenistanyň raýatyny mejbury geçirmek kazyýetiň çözgüdi esasynda amala aşyrylyp bilner.

40-njy madda. Hereket etmek, ýaşaýan we bolýan ýeriňi saýlap almak erkinligine çäklendirmeler

Milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini, ilatyň saglygyny goramak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň şu aşakdaky görkezilen ýerlerinde erkin hereket etmekde, ýaşaýan we bolýan ýeriňi erkin saýlap almakda çäklendirmeler bellenilip bilner:

1) serhet zolagynda;

2) ýapyk harby şäherçelerde;

3) köpçülikleýin ýokanç keselleriň we adamlaryň zäherlenmeleriniň ýaýramak howpy sebäpli, ekologiýa betbagtçylygy we tebigy (tehnogen) heläkçilik zolagynda;

4) adatdan daşary ýagdaý girizilen ýerlerde.

41-nji madda. Mejbury migrantlar

1. Adatdan daşary ýagdaýlar bolan mahaly Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan "Adatdan daşary ýagdaýyň hukuk düzgüni hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaý girizilýär.

2. Adatdan daşary ýagdaý dörände ygtyýarly döwlet häkimiýet  we dolandyryş edaralarynyň raýatlara başga hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny hökmany bermek şerti bilen, olary ýaşamak üçin howply ýerlerden hemişelik ýa-da wagtlaýyn göçürmäge hukugy bardyr.

Mejbury migrantlara zerur kömek berilýär we ýaşamak üçin zerur şertler döredilýär, olar iýmit we agyz suwy bilen üpjün edilýär, esasy arassaçylyk we saglygy goraýyş hyzmatlary edilýär.

3. Türkmenistanyň Hökümeti, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, degişli durmuş taýdan üpjünçilik edaralary we ýuridik şahslar mejbury migrantlaryň täze ýaşaýyş ýerinde ýa-da bolýan ýerinde ýaşamagy üçin mümkin bolan kömegi berýärler, şeýle hem zerur şertleri döredýärler.

4. Tebigy betbagtçylyklaryň we beýleki ýagdaýlaryň ýaramaz netijeleri düzedilenden soň, Türkmenistanyň Hökümeti we degişli döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde mejbury migrantlara ozalky ýaşaýyş ýerine dolanyp barmaga we ony abadanlaşdyrmaga, şol sanda weýran bolan jaýlary dikeltmäge ýardam berýärler.

42-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan we bolýan ýeri boýunça hasabyny ýöretmek

1. Içerki migrasiýany düzgünleşdirmek, içerki migrantlaryň öz hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmegi, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň beýleki raýatlarynyň öňündäki öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň çäklerinde raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagy we bolýan ýeri boýunça hasaba alynmagy girizilýär.

Ýaşalýan ýer boýunça ýazga almak, munuň özi raýatyň Türkmenistanyň degişli etraplarynyň we şäherleriniň çäklerindäki ýaşaýyş jaýynda belli bir salgy boýunça resmileşdirilmegidir, şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň pasportynda bu barada ýazgy ýazylmagydyr ýa-da bellik edilmegidir (möhürçe basylmagydyr).

2. Türkmenistanyň çäklerinde birnäçe ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy bolan adam şolaryň diňe birine ýazga alynýar.

3. Hemişelik ýaşaýan ýerinden ýazgydan çykmazdan kyrk bäş senenama gününden köp möhlete başga ýere wagtlaýyn giden raýatlar, şeýle hem başga şäherlerdäki okuw mekdepleriniň talyplary we okuwçylary okaýan döwründe öz bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmaga degişlidir. Zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almak degişli migrasiýa gullugynyň edaralary, gelmeginiň maksady zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen bagly bolmadyk raýatlary hasaba almak degişli häkimlikler  tarapyndan amala aşyrylýar.

Bolunýan ýer boýunça hasaba almak, munuň özi belli bir salgy boýunça ýaşaýyş jaýynda raýatyň wagtlaýyn ýaşaýandygyny resmileşdirmekdir.

4. Raýatlary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň we bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

43-nji madda. Ýazga we hasaba alynmagyna garamazdan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleri

1. Türkmenistanyň her bir raýaty ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyna ýa-da bolýan ýeri boýunça hasaba alynmagyna garamazdan, Türkmenistanyň bütin çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we beýleki kanunçylygy arkaly kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýar.  

2. Ýazga ýa-da hasaba alynmazlygy Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmek üçin esas bolup bilmez.

44-nji madda. Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumy

1. Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumy Türkmenistanyň raýatlary hakynda maglumatlary toplamak, saklamak, umumylaşdyrmak we seljermek, şeýle hem şol maglumatlary Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, beýleki ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bermek üçin niýetlenilendir.

2. Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumy Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsy maglumatlaryndan ybaratdyr. Raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň mazmuny ilat hakynda döwlet maglumat serişdeleriniň esasyny düzýär, olar şahsy maglumatlaryň merkezi toplumy tarapyndan döredilýär we peýdalanylýar.

3. Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumyny emele getirmek üçin maglumatlaryň toplanylmagyna we olaryň peýdalanylmagyna gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň ilat baradaky bitewi maglumatlar toplumyny emele getirmegiň we onuň işlemeginiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

VII BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA

BARADAKY KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

45-nji madda. Hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligiň esaslary

Türkmenistanyň çäklerinde kanuna garşy etmişleri eden daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen umumy esaslarda jogapkärçiligi çekýärler, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen halatlar muňa girmeýär.

46-njy madda. Türkmenistanyň çäklerinde bikanun bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň kabul edilmegi üçin jogapkärçilik

Ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň çäklerinde bikanun bolýan daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary degişli rugsatnamasy bolmazdan işe resmileşdiren halatynda, olaryň hasaba alynmagy we olara ýardam berilmegi üçin, şeýle hem şu Kanunyň 21-nji maddasynyň talaplaryny berjaý etmedik halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

47-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, onda bolmagynyň, ondan gitmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçmeginiň tertibiniň bozulmagy üçin jogapkärçiligi

1. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagyň tertibini bozmagy, ýagny:

Türkmenistanda ýaşamaga hukuk berýän resminamasyz ýa-da wizasyz ýaşamagy;

hakyky däl resminamalar boýunça ýaşamagy;

bikanun zähmet işini amala aşyrmagy;

hasaba almagyň, hereket etmegiň we ýaşaýan ýeriňi saýlap almagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi;

wizanyň ýa-da ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti tamamlanandan soň ýaşamagy;

wizany ýa-da ýaşamak üçin ygtyýarnamany uzaltmakdan ýüz dönderilenden soň ýaşamagy;

olaryň ýurduň çäginde bolmaly möhletiniň gysgaldylandan soň ýa-da olara berlen wizalar, ýaşamak üçin ygtyýarnamalar ýatyrylandan soň ýaşamagy;

beýleki esaslar bilen kesgitlenen Türkmenistanda bolmaly möhletiniň tamamlanmagy boýunça ýurtdan çykmakdan boýun gaçyrylmagy;

şeýle hem Türkmenistana gelmegiň, ondan gitmegiň we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegiň kadalarynyň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukuk namalaryna laýyklykda artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýan adamlaryň jogapkärçiligi baradaky mesele diplomatik ýollar arkaly çözülýär.

48-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligi

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanda kabul edýän ýa-da olara hyzmat etmegi üpjün edýän, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň, Türkmenistanda bolmagynyň we ondan gitmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçmeginiň şertlerini, olary hasaba almagyň, olara wizalary resmileşdirmegiň we uzaltmagyň, Türkmenistanda ýaşamaga, hereket etmäge hem-de ýaşaýan ýerini üýtgetmäge hukuk berýän resminamalary resmileşdirmegiň bellenilen tertibiniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly borçlary ýerine ýetirýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

49-njy madda. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hususy işler boýunça Türkmenistanda kabul edýän raýatlaryň jogapkärçiligi

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hususy işler boýunça Türkmenistana çagyran we olary wagtynda hasaba aldyrmagy üpjün etmek üçin degişli çäreleri, şeýle hem wizalarynyň möhletiniň tamamlanmagy boýunça olaryň Türkmenistandan gitmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmedik raýatlar, şonuň ýaly-da bellenilen kadalary bozup, daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy  bolmadyk adamlara ýaşaýyş jaýyny, ulag serişdelerini beren ýa-da beýleki hyzmatlary eden raýatlar hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

50-nji madda. Gatnadyjynyň jogapkärçiligi

Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary Türkmenistanyň çäklerine gelmäge hukuk berýän degişli resminamasy bolmazdan gelen daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäklerinden gitmegini olaryň öz serişdeleriniň, şeýle serişdeleri ýok halatynda bolsa, gatnadyjynyň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmäge borçludyrlar.

Eger Türkmenistanyň çäklerine gelmäge rugsat berilmedik daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň haýal etmän gitmegi mümkin bolmasa ýa-da örän kyn bolsa, onda Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary olaryň ýurduň çäginden gidýänçä belli bir ýerde bolmagy barada tabşyryknama çykarýarlar, şunuň bilen baglanyşykly çykdajylary gatnadyjy çekýär.

Daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistana gelmeginiň şu Kanunyň 6-njy we 7-nji maddalarynda bellenilen tertibini bozup, olary Türkmenistana getiren gatnadyjy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýär.

VIII BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

51-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Şu Kanunyň güýje giren gününden aşakdaky kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 2005-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3,4, 29-njy madda);

2) 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 64-nji madda);

3) 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň VII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda);

4) 2011-nji ýylyň 26-njy martynda kabul edilen "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 29-njy madda).

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 31-nji marty

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi