icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 oktýabr 2018

1097

Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli MASYH-nyň umumy tertibi babatda geçirilen işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we maksatnamanyň amallar ulgamy boýunça gatnaşyk etmekde mundan beýläkki çäreler girizildi. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda guraljak 17-nji Ministrler maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna ilkinji gezek başlyklyk edýän ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge berýän uly ünsi barada bellediler. Bu ýere ýygnananlar halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça gazanylan netijeler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şol netijelere görä,  bu günki günde ýurdumyz Merkezi Aziýada iň tiz ösýän ykdysadyýetli ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Geçirilen umumy mejlisleriň barşynda 2018-2020-nji ýyllar üçin amala aşyrmak boýunça hereket etmegiň üç ýyllyk üýtgäp durýan strategik meýilnamasyny goşmak bilen, söwda babatda umumy maksatnama girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar geçirilen işleriň möhüm netijeleriniň hatarynda MASYH-nyň 17-nji Ministrler maslahatynda hödürlener. Milli utgaşdyryjylar makroykdysadyýet we maliýe durnuklylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek boýunça tehniki wezipeleriň taslamasy bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

MASYH-nyň täze strategiýasy, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda ylalaşygy gazanmagyň ýeke-täk giňişligiň çäklerinde ileri tutulýan ugurlary ýakynlaşdyrmagyň we kybap getirmegiň zerurdygyny özünde jemleýär. Şu babatda maslahata gatnaşyjylar häzirki wagtda Sebitleýin söwda toparyny döretmek boýunça amala aşyrylan işler bilen tanyşdyryldy.

Jemleýji mejlisiň çäklerinde türkmen tarapy MASYH-nyň 17-nji Ministrler maslahatyna taýýarlyk görmegiň barşy barada täzelenen maglumatlary, Sekretariat bolsa öňde boljak forumyň deslapky gün tertibini hödürledi. Gatnaşyjylar ministrleriň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyny aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça MASYH-nyň maksatnamasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi, şolaryň ykdysady ösüşini baradaky meseleler kesgitlenildi.

Şu gün geňeş maslahaty öz işini dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi