icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 oktýabr 2018

849

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine ünsi jemläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykyp, täze görnüşe eýe bolandygyny bellediler. Şunda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, obasenagat toplumynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özbek oba hojalyk tehnikalarynyň özüni gowy tarapdan görkezendigini belläp, Türkmenistanyň olary geljekde hem satyn almakçydygyny aýtdy.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine goňşy döwletleriň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem berkejekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglygyny we üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi