icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 fewral 2017

911

Türkmen-Rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Ilýas Magomet-Salamowiç Umahanowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi we berkidilmegi bilen bagly meselelere garadylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarynda aragatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi