icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 fewral 2017

1103

Türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň binasynda iş sapary bilen Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewgeniý Şestakow bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk alyp barmak boýunça Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi baradaky soraglara garalyp geçildi. Gyzyklanma döredýän ugurlar hökmünde konstruktiw häsiýetli  amala aşyrylýan ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde alnyp barylýan medeniýet, bilim we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilip geçildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşdylar,  hem-de soňky döwürlerde ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň ösüşine üns berilýändigini belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi