icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 fewral 2017

1168

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.

 Halkara maslahatyň işine Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçileri we çonsullary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň medeni gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň we kitapdyr-žurnallarynyň sergisi gurnaldy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik gullugynyň işgärlerine diplomatlaryň güni we maslahat mynasybetli Gutlag haty okaldy. Onda “2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi hem taryhy waka bolup durýandygy, Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi bütin dünýäde parahatçylygy saklamakda bitaraplyk ýörelgeleriniň möhüm ornunyň ykrar edilmegini aňladýandygy, bu bolsa, ähli ýurtlaryň we halklaryň parahatçylyk we ösüş maksatlaryna, medeni-ynsanperwerlik gymmatlyklaryna laýyk gelýändigi”  barada beýan edildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler bitaraplyk statusynyň türkmen diplomatiýasynyň esasy bolup durýandygyny bellediler. Ýurdumyzyň özüniň kuwwatly ösüş ýolunyň täze taryhy tapgyryna gadam basýandygy barada aýdyldy. Çykyp geplänler Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy üns merkezinde saklajakdygyna uly ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde «2017-2023-nji ýyllar üçin Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, diýip maslahatda aýratyn bellenildi. Ýedi ýyllyk döwür üçin işlenip taýýarlanan Konsepsiýa dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň ornuny has-da berkitmegi we abraýyny artdyrmagy, ýurdumyzyň beýleki döwletler we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna sebitde we dünýäde netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Maslahatyň çäklerinde aýratyn tapawutlanan ýaş diplomatlara we Halkara gatnaşyklar institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlarynyň gowşurlyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi