icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 mart 2017

886

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilýetiniň baştutany bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliýetiniň baştutany j-p Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony Türkmenistanyň we HGHK-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2017-nji ýyl üçin Meýilnamasynyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar halkara ynsanperwerlik hukugyny milli kanunçylyga ornaşdyrmak we ynsanperwerlik ulgamynda öňki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini we  HGHK-niň nukdaý-nazaryny hasaba almak meselelerine uly üns berdiler.

Bilelikde ýerine ýetirilen işleriň önümliligine seredip geçmek bilen, taraplar ynsanperwer ulgamynda oňyn netijeleriň gazanylandygyny bellediler.

           

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi