icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2017

1294

Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

2017-nji ýylyň 11-14-nji martynda Katar Döwletinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. 11 martda Doha şäherinde “Katara” Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş çäresi guraldy. Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti guraldy, onuň maksatnamasyny halk aýdym-sazlary, türkmen kompozitorlarynyň we dünýäniň nusgawy aýdym-saz sungatynyň eserleri, estrada aýdymdyr-tanslar düzdi.

“Katara” Medeniýet merkeziniň eýwanynda türkmen halkynyň  milli taryhy we medeni mirasynyň, Türkmenistanyň  muzeý gymmatlyklarynyň ajaýyp ýygyndylary Katar Döwletiniň giň jemgyýetçiligine ýetirildi.

Döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden düzülen türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin Katar Döwletine geldi.

Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda medeniýet ussatlarynyň konserti, Türkmenistanyň  muzeý gymmatlyklarynyň, milli taryhy we medeni mirasynyň we Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada neşir edilen dürli çaphana önümlerini içine alýan sergi we iki döwletiň medeniýet işgärleriniň duşuşygy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi