icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2017

1136

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine döwlet sapary başlady

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Katara döwlet sapary bilen geldi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugrady.

Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçdiler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Soňra Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köşge girdiler.Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany Kataryň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Kataryň Emiri hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdy.

Resmi çäre tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary Uly mejlisler zalyna bardyar, bu ýerde iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Dohada geçen gepleşiklerde çykyş edip, bu sapary Türkmenistanyň we Katar döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek waka hökmünde garaýandygyny mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, hususan-da, deňiz we howa gatnaşyklaryny ösdürmegi görkezdi.

Halkara düzüminiň çäklerinde ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça garaýşlaryň gabat gelýändigi bellenildi.

Türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň köp dürli meseleleri boýunça pikir alşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emir Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň ýollaryny anykladylar. Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Diplomatiýa institutynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmekde özara düşünişmek barada Ähtnama bar. Hökümetara derejesinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça we standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikasiýa we hasaba alyş pudaklarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada ähtnamalar kabul edildi.

 “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdirligi özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler. Ýene bir resminama ekologiýa ugruna degişli bolup, ol bioköpdürlilik we janly tebigaty goramak boýunça özara düşünişmek barada Ähtnamadyr.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary köşkden çykyp, “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna ugradylar. Döwlet Baştutanymyz bu meşhur toplumyň işiniň guralyşy bilen tanyşdyryldy. Belent mertebeli türkmen myhmanyna nalyň görnüşinde taslamalaşdyrylan bu toplumyň ähli sahnalarynyň hem-de beýleki desgalarynyň şekili görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine saparynyň dowamynda türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek we hem-de ylalaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Şol gün Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Dohada Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň, söwda-ykdysady, nebitgaz, maliýe-bank ulgamynyň, ulag, ekologiýa sport, ylym-bilim pudaklarynyň we işewürler toparlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Iş duşuşyklaryň we maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň çygry boýunça pikirler alyşyldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi