icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2017

1172

Hazarýaka döwletleriň wekilleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Bu duşuşygy Türkmenistanyň Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Duşuşygyň gün tertibinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak goýulypdyr. Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen maslahatda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegi meýilleşdirilen birnäçe täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ylalaşmak çäreleri has-da işjeňleşdirildi. Bilermenleriň bu gezekki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň wekilçilikli we işewür toparlarynyň agzalary üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüljek hemişelik hereket edýän Hazaryň Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi