icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2017

1158

Owganystanyň Türkmenistandaky Baş konsuly öz işine başlady

   2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky (Mary şäheri) täze bellenen Baş konsuly jenap Arsala Nasratulla bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygider gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleriniň ösdürilmegine we yzygiderli ugrukdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyna konsullyk işlerini amala aşyrmaga rugsat berýän konsullyk ekzekwaturasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi