icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 maý 2017

1201

Kabulda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 2-4-nji maýynda Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde howpszulyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin owgan paýtagtyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirjisiniň we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň gatnaşmagynda beýleki infrastrukturalaýyn taslamalarynyň (elektrik geçirijileriniň torlarynyň we demir ýollarynyň gurluşygy) gurluşygynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem howpsuzlygy, bilelikdäki serhedi we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň serhedine ýakyn etraplary goramagy we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy.

Mundan başga-da iş saparynyň dowmaynda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçysy A.Abdulla, Daşary işler ministri S.Rabbani, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary A.H.Atmar, Maliýe ministri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň başlygy E.Hakimi bilen duşuşyklary geçirdi.

Bu duşuşyklarda energetika, ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we ynsanperwer hymzatdaşlygynyň meselelerine seredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi