icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 maý 2017

1052

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rumyniýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Sorin Wasile bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hoşallyk bilen bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garamak bilen, halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň halkara başlangyçlarynyň özara goldawynyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Ugurlaryň giň çygry boýunça gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplar ulag, logistika, energetika we medeni-gumanitar ugurlarynda, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garadylar.

Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilliligi belläp, türkmen tarapy Ilçiniň täze bellenen wezipesinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi