icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2017

1279

Aşgabatda Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň ikinji duşuşygy öz işine başlady

2017-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy öz işine başlady.

Bu duşuşyk türkmen tarapyndan teklip edilen Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy boýunça netijeli pikirleriň alyşylmagyny we bilermenleriň nukdaý-nazalaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar. Täze düzgünler we kadalar hazarýaka döwletleriniň arasynda ýükleriň we ýolagçylaryň geçirilmegini kadalaşdyryrylmagyny, infrastrukturanyň ösdürilmegini, ähli gatnaşyjylaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýan takyk kadalaryň bellenilmegini wezipe edinýär.

Hazar sebitleýin ulag-logistika merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutýan Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy Hazaryň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu bolsa kenarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelmeginiň, şeýle hem dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini döreder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi