icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 maý 2017

1102

Bakuda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 15-nji maýynda Bakuda «Marriott» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Sport baradakyDöwlet komiteti bilen bilelikde gurnalan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Çärä Bakuda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň, Azerbaýjanyň Daşary işler, Ýaşlar we sport ministrlikleriniň, Geýdar Aliýewiň Merkeziniň wekilleri,  IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gelen yslam döwletleriniň Milli Olimpik komitetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen tanyşdyryşyň çäginde Aziada-2017 bagyşlanan sergisi geçirildi. Sergide döwürleýin neşirler, kitapjalar, žurnallar, prospektler we press-relizler, Aşgabatda bojak iri ýaryşlarynyň şekili bolan dokma önümleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi.  

Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili çykyş deip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň gidişi barada habar berdi. Türkmenistanyň Sport baradaky Döwlet komitetiniň wekili öz çykyşynda türkmen türgenleriniň ýylsaýyn ösýän mümkinçilikleri barada belledi.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan wideoşekil görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi