icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 iýun 2017

791

Bişkekde ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogy geçirildi

2017-nji ýylyň 8-nji iýunynda Bişkek şäherinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogy geçirildi.

ÝB-niň wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ž.K.Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetlerine daşary işler ministrleriniň orunbasarlary baştutanlyk etdiler.

Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-de sebitleýin howplara garşy göreşmegiň, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň serhetleri dolandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «CADAP», «EU-ACT» taslamalarynyň çäginde neşe serişdelerine garşy göreşmegiň, Owganystanda howpsuzlyk ugrundaky häzirki ýagdaýy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystanyň sebitleýin hyzmatdaşlygynyň gurallary ýaly meseleleri goşuldy.

Mejlisiň dowamynda taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady, ulag, bilim, daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler.  

Gatnaşyjylaryň ählisi Ýewropa Bileleşiginiň, Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalary birleşdirmegiň hem-de utgaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler, BOMKA taslamasynyň 9-njy tapgyrynyň we CADAP taslamasynyň 6-njy tapgyrynyň durmuşa geçirilmegini oňyn bahalandyrdylar, neşe serişdelerine we guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek boýunça ÝB-niň «EU-ACT» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.  

ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Owganystandaky ýagdaýy parahataçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmegine goldawyny bildirip, Owganystanyň gatnaşmagy esasynda ÝB-Merkezi Aziýa Howpsuzlyk boýunça dialogyň çäginde geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi