icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýul 2017

966

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy dabaraly bellenildi

2017-nji ýylyň 14-nji iýulynda Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara maslahaty geçirildi.

Bu maslahata, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň braşynda, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidenti G.Kwesitadze, Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary D.Jalaganiýa, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi, Gazagystan Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň geňeşçisi, Milli Ylymlar akademiýasynyň Wise-prezidenti R.Metreweli, Gruziýanyň “Ýewraziýa” Halkara agentliginiň “Ahali Sakartwelo” telewideniýasynyň Baş direktory B.Naçkebiýa we beýlekiler çykyş etdiler.

         Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli özleriniň mähirli gutlag sözlerini beýan etdiler. Şeýle-hem Türkmenistan we Gruziýa öz taraplaryndan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şol gatnaşyklar bolsa özara hormat goýmak, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine we taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan meýline esaslanýar.

         Halkara gün tertibiniň meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň umumydyr ýa-da meňzeşdir. Türkmenistan we Gruziýa özarabähbitli başlangyçlaryny hemişe goldaýarlar. Şol başlangyçlar bolsa energetika, ulag-aragatnaşyk we gumanitar ulgamlarda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam edýär.

         Şeýle-hem çykyş edenler, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamy, ulag we energetika pudaklary, şeýle hem gumanitar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezilip, täze döwrüň hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga täze çemeleşmeleri talap edýändigi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda amala aşyrýan ägirt uly başlangyçlary barada giňden bellediler.

         Maslahatayň soňunda oňa gatnaşyjylara, şu ýyl Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada wideo şekil görkezildi.

         Soňra, Gruziýanyň Milli muzeýiniň uly zalynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly resmi kabul edişlik guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi