icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 iýul 2017

787

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 17-nji iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň daşary işler ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyry geçirildi.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili, Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili we Energetika ministri Iliýa Eloşwili bilen duşuşyklary geçirildi.

Geňeşmeleriň we duşuşyklaryň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berdiler. Gepleşiklerde energetika we ulag meselelerine esasy üns berildi.

Taraplar sport, ylym, medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini hem bellediler. Gruzin tarapy  2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi geljekde iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

2017-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolýandygyny belläp, taraplar bu waka mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça birnäçe teklipleri aýtdylar.

Taraplar yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhümdigini hem-de  ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde  türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň yzygider we durnukly ösýändigini hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýüze çykarýandygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi