icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 iýul 2017

901

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 10-11-nji iýulynda ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň, söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary ösdürmegiň  täzeçe çemeleşmeleriniň mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Işewürler maslahaty özüne “Argus Limited”, “Boeing”, “CNH Industrial”, “Ellicott Dredges”, “General Electric”, “John Deere”, “Lindsey”, “Microsoft”, “Oxbox Energy Solution”, “Caterpillar”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, bilermenlerini hem-de hünärmenlerini ýygnady.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine biziň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girdi.

Işewürler maslahatynyň gün tertibine söwda-ykdysady ulgamynda, energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalary pudaklarynda, nebit-gaz senagatynda, maşyn gurluşygynda we oba hojalygynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi. Taraplar amerikan kompaniýalary bilen özara gatnaşyklaryň ýagdaýy we mümkinçilikleri barada tanyşdyryşlary geçirdiler we dürli maýagoýum taslamalary boýunça pikir alyşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi