icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 iýul 2017

953

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi

2017-nji ýylyň 18-nji iýulynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowy kabul etdi.

Duşuşygyň başynda Daşary işler ministri R.Ö.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny Prezident I.G. Aliýewe ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan bilen ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýändigi bellenildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew öz gezeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan salamyna minnetdarlyk bildirdi, hem-de Türkmenistanyň Prezidentine özüniň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi sorady.

Azerbaýjanyň Prezidenti I.G.Aliýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dostlugyň we özara doly düşünişmegiň esasynda ýola goýlan iki ýurduň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaý-nazaryndan hem uly orun eýeleýändigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi