icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 iýul 2017

1165

Ýerine ýetiriji komiteti “Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşlygyny yglan etdi

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Dragon Oil” kompaniýasynyň Aşgabat 2017-niň resmi hyzmatdaşlygyna goşulýandygyny yglan etdi.

“Dragon Oil” kompaniýasy 17 ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde netijeli işleri alyp barýar. Bu kompaniýa sebitde nebit öndürilmegini ösdürmek üçin uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirdi we Türkmenistanda hereket edýän iň uly daşary ýurtly maýadarlarynyň biridir.

“Dragon Oil” kompaniýasy türkmen jemgyýetinde täze infrastrukturany ösdürmek we bar bolan infrastrukturany kämilleşdirmek arkaly we türkmen halkynyň durmuş şertlerini ösdürmäge gönükdirilen dürli sosial maksatnamalarynyň hemaýatkäri hökmünde goldaýar.

Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Aşgabat 2017-niň toparynyň täze agzasy bolan “Dragon Oil” kompaniýasyna uly minnetarlyk bildirýäris. Birnäçe ýylyň dowamynda türkmen sportuny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän bu kompaniýa Oýunlary mahabatlandyrmakda ideal hyzmatdaşdyr, sebäbi kompaniýa hem Aşgabat 2017-niň gymmatlyklaryny goldaýar, hem sporty ösdürmek nukdaýnazardan galdyrjak mirasy bilen gyzyklanýar” diýip belledi.

Her ýyl “Dragon Oil” kompaniýasy ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek bilen bagly dürli maksatnamalary işläp düzýär we durmuşa geçirýär. Mundan başga-da ol Türkmenistanyň professional we höwesjeň sport birleşiklerini maddy goldaw bilen üpjün edýär.

Kompaniýanyň hemaýatkärligi türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmak we Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň daşary ýurda gitmek bilen bagly çykdajylaryny tölemekden ybaratdyr, emma onuň esasy maksady Türkmenistanyň Paralimpiýa komitetine goldaw bermekdir. “Dragon Oil” kompaniýasy ýygy-ýygydan dürli açyk çempionatlary we ýaryşlary geçirýär.

2017-nji ýylyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hemaýatkärlik etmek, türkmen sportuny ösdürmäge gatnaşmak olaryň bile işleşýän jemgyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolmak üçin “Dragon Oil” kompaniýasyna ajaýyp mümkinçilikdir.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Ali Al Jarwan Aşgabat 2017-de hemaýatkärlik etmek barada şeýle belläp geçýär: “Biz üçin Aşgabat 2017-niň hyzmatdaşy bolmak uly hormatdyr. Aziýa oýunlarynyň ýurduň adyny halkara derejede has-da arşa galdyrjagyna berk ynamymyz bar. Biz şeýle ajaýyp çäräni geçirmekde Türkmenistana goldaw berip bilýändigimize guwanýarys”.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi