icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 iýul 2017

1082

Buharestda Rumyniýa bilenTürkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy

  2017-nji ýylyň iyul aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Buharestdäky Ilçihanasy Rumyniýanyň DIM-iň Diplomatik instituty bilen birlikde, şol institutyň ýygnaklar zalynda “Türkmenistan we Rumyniýa: 25 ýyl dostluk we hyzmatdaşlyk” ady bilen iki yurdyň arasyndaky  diplomatik  gatnaşyklaryň yola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy.

 Tegelek stolyň işine Rumyniýanyň DIM-iň döwlet sekretary Aleksandr Wiktor Mikula, DIM-iň wekilleri, Mejlisiň, Ykdysadyýet ministirliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, ASPEN institutynyň we Rumyniýanyň beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Rumyniýada akreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri, ýerli jemgyýetçiligiň we KHBS-ni wekilleri, şeýle hem Buharestyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

  Tegelek stoluň dowamynda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň direktory Dan Petre, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi,  Söwda-senagat edarasynyň syýasy geňeşçisi, Rumyniýanyň öňki Daşary işler ministry Lazar Komanesku, Rumyniýanyň DIM-iň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa  müdirliginiň direktory Kornel Ionesku, Rumyniýanyň DIM-iň Jemgyýetçilik diplomatiýasy, medeniýet we ylym müdirliginiň direktory hanym Mirela Ereku, Rumyniýanyň Parlamentiniň deputaty, türkmen-rumyn parlamentara dostlukly toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal, Rumyniýanyň Türkmenistandaky öňki Ilçileri Ýanku Rypan we Ion Porojan dagylar çykyş etdiler.

  Çykyş edenleriň hemmesi öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn dostlukly  gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn badyny, şeýle-de türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynda 25 ýylyň içinde ýetilen üstinlikleri barada belläp geçdiler.

Çykyşlaryň ahyrynda, gatnaşyjylara 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa  oýunlary barada  tanyşdyryş wideoroligi görkezildi.

 Çäräniň soňynda, Ilçihanada  tarapyndan diplomatik  resmi kabul ediliş gurnaldy, oňa tegelek stoluň ähli gatnaşyjylary çagyryldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi