icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 iýul 2017

1356

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Paýhas çeşmesi”we “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaplarynyň türk diline terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary  we ösüş uniwersitetiniň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi” we “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitaplarynyň türk diline terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Unwersitetiň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ylym we döredijilik ulgamynyň köpsanly wekilleri, öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalaryň we KHBS-niň wekilleri ýygnandy.

Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylykly, hoşniýetli bitaraplyk syýasatynyň möhüm ähmiýetini belläp, onuň dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orna eýedigini nygtadylar. Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ugry Merkezi Aziýada we onuň daşynda döwletara dialogy yola goýmakda möhüm gural hökmünde uly baha mynasyp boldy.

Türkmenstanyň Prezidentiniň medeniýet pudagyny ösdürmekde goşýan goşandyny göz öüne alyp, Döwlet Lideriniň türk dilinde neşir edilen, çuň mana eýe bolan we çeperçilik taýdan kämil bezelen eserleri okyjylaryň auditoriýasyny giňeltmäge we terbiýeçilik ähmiýetini galdyrmaga ýardam berer diyip tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar bellediler.

Duşuşugyň soňynda, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň bagtyýarlygy üçin amala aşyrýan işlerine, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we ägirt uly mirasyny goramakda edýän irginsiz aladalaryna  tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirip, ähli  bilimlerini we tejribelerini ulanyp, öňde goýulan maksatlary birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine döwlet baştutanymyzy ynandyrdylar. 

Tanyşdyrylyş dabarasynyň  öňüsyrasynda uniwersitetiň foýesynda türkmen Baştutanynyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen ylmy, çeper we edebi kitaplaryna bagyşlanan sergisi gurnaldy.

Dabaranyň soňynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tarapyndan taýýarlanan uly konsert geçirildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi