icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 iýul 2017

1038

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň neşire taýýarlan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna bolan saparyna bagyşlanan makala bilen başlanýar. Makalada ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça resminamalar barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şeýle hem žurnalda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana bolan iş saparyna bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Makalada geljekdäki gatnaşyklaryň öňdebaryjy ugurlary, şeýle hem iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň toplumy bellenilipdir.

Halkara Energetika Hartiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň strategiýasyna we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň şu ýylyň 28-29-njy noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda boljak nobatdaky sessiýasyna bagyşlanan Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretarynyň makalasyna bu žurnalda aýratyn orun berilipdir.

Žurnalyň okyjylary Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerine, daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň gidişine, daşary ýurt raýatlarynyň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslaryň Türkmenistandaky hukuklaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen alyp barýan işlerine bagyşlanyp taýýarlanan makalalary bilen tanşyp bilerler. Bulardan başga-da, Aziada-2017 taýýarlyk işlerine bagyşlanan maglumat ýerleşdirilendir.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen sözbaşy astynda dürli derejede geçirilen duşuşyklara we gepleşiklere, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlislerine, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, şeýle hem Aşgabatda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara maslahatlara gysgaça syn berilýär.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterliligini üpjün edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi