icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 awgust 2017

1157

Türkmenistan we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Edarasynyň wekiliýeti hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Edarasynyň (UNHCR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Ýasuko Odanyň (wekilhanasy Gazagystanyň Almaty şäheri) baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerini, şeýle hem bosgunlar toparynyň V Aziýa oýunlaryndaky sport ýaryşlaryna gatnaşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ilkinji nobatda, hanym Ýasuko Oda bu ýagdaýyň negada duş gelýändigini belläp, UNHCR ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistan Hökümetiniň eden teklibine we bu uly göwrümli çärä Keniýaly bosgunlaryň gatnaşyp bilmek mümkinçiligi üçin minnetdarlyk sözlerini ýetirdi.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy ýurduň ynsanperwer işjeňligini, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meselesinde üstünlikli netijeler gazanandygyny belläp, Aziada-2017-niň çarçuwasynda ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça öz pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdy.

Saparyň dowamynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysynyň wekiliýeti V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi