icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 awgust 2017

898

Türkmenistan we Gruziýa özära bahbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gruziýanyň Maliýe ministriniň orunbasary Nikoloz Gaguanyň ýolbaşçylygyndaky  wekiliýet bilen duşuşyk boldy.

Gepleşikleriň barşynda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn ösüş derejesini bellap, taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini şeýle hem bu ugurda uly strategiki meýilnamalaryň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Kawkaz sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň osüşine ygrarlydyklaryny bildirdiler. Bu kontekstde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti we taraplaryň ýetilen ylalaşyklaryň geljekde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary bellenilip geçildi.   

Ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar  bu ugurda gatnaşyklary täze derejä çykarmak arkaly bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp  maslahatlaşdylar.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi