icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 sentýabr 2017

3553

Aşgabat 2017 boýunça sanly maglumatlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler.

Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça görülýän taýýarlyklar bilen bagly maglumatlar we sanlar hemmäni haýran galdyrýar.

Geliň, Aşgabat 2017 bilen baglanyşykly iň gyzykly maglumatlara göz gezdireliň!

65 – gatnaşýan wekiliýetleriň sany: Aziýadan 45 wekiliýet we Okeaniýadan 19 wekiliýet, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tugunyň astynda ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlar topary.

6 000-den gowrak – şu wagtda çenli Aşgabat 2017-ä gatnaşýan türgenleriň we topar wekilleriň sany.

140 000 kg – Oýunlaryň dowamynda Türgenler şäherçesinde taýýarlanjak azyk önümleriniň agramy.

21 – Aşgabat 2017-niň maksatnamasyna girizilen guşakly göreşden başlap, welosporta (trek) çenli öz içine alýan sport görnüşleriniň sany, şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň dört görnüşi.

12 – tomaşa etjek ýaryş günlerimiziň sany.

347 – geçiriljek medal gowşurylyş dabaralarynyň sany.

1675 – ýeňiş gazanan türgenlere gowşuryljak medallaryň sany.

15 – Aşgabat 2017-niň ýaryş desgalaryň sany. Desgalar 1,5 km2 meýdany tutýan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýärler. Desgalaryň 13-si täze, döwrebap, dünýä ülňülerine gabat gelýän binalardyr, ikisi bolsa Oýunlar üçin täzeden dikeldildi.

45 000 – ajaýyp Aşgabat Olimpiýa stadionyndaky orunlaryň sany.

700 000 – Aşgabat 2017-niň çäginde geçirilýän 220 sport ýaryşy üçin satuwa çykarylan petekleriň sany. Petekleriň bahalary 7-10 manat aralykda bolar.

7 000 – Aşgabat 2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralarynda çykyş etjek we guramaçylygyna gatnaşjak işgärleriň sany.

8 000 – Ilkinji ýyldyzlar hökmünde tanalýan yhlasly meýletinçileriň sany. Ilkinji ýyldyzlar iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirmek maksady bilen 20 000 sany işgär bilen bilelikde işleýärler.

 

Bu maglumatlar Oýunlar bilen bagly maglumatlaryň käbirleridir, emma ýokarda görkezilenler dünýä ýüzünde geçirilýän iň uly sport çäreleriniň biriniň gerimini göz öňüne getirmek üçin ýeterlikdir. Aşgabat 2017-niň başlanmagyna 10 gün galmagy bilen sentýabr aýynda geçiriljek ajaýyp sport baýramçylygyny emele getirýän bölekleriniň her biri öz ornuny tapýar.

Aşgabat 2017  bu Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr.

Aşgabat 2017 oýunlary 12 günüň dowamynda 15 desgada sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriler. Sportuň 21 görnüşine şu aşakdakylar girýär:  3x3 basketbol, guşakly göreş, bilýard sporty, bowling, küşt, welosport (trek), tans sporty, atly sport (konkur), futzal, ýeňil atletika, jiu-jitsu, kikboksing, kuraş, taýboksy, tennis, türkmen milli göreşi, sambo, gysga aralyga ýüzmek, agyr atletika we sport göreşi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) tarapyndan 2010-njy ýylda kabul edilen netijesine laýyklykda, Aşgabat şäheri Oýunlary geçirmäge hukuk gazandy. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet AOG bilen ýakyndan işleşip, Oýunlaryň guramaçylygyna we geçirilmegine jogapkär bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi