icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2017

708

Sport ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio -  2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi Sinji Ýamamotanyň arasynda “Oýunlara taýýarlyk görmek boýunça türgenleşik merkezi hakynda  Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasyna Ýaponiýanyň wekiliýetiniň agzalary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi