icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 sentýabr 2017

806

Türkmenistan we Dominikan Respublikasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen Dominikan Respublikasynyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Frans Hans Dannenberg Kastellanos bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman mähirli garşylanandygy üçin tüýs çürekden hoşallyk bildirdirip, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýändigini beläp, Türkmenistany V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Gepleşikleriň barşynda taraplar geljekde üçünji ýurtda oturmagy bilen Ilçini Türkmenistanda akkreditirlemegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Dominikan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň  ugurlary, şeýle hem iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerinde özara hereket etmekleri boýunça pikirler alyşyldy. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň uzak wagtlaýyn bähbitlerine gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarmagyň zerurlygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi