icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 oktýabr 2017

850

Çiliniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) jenap Hose Manuel Silwa bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenilen jogapkärli işi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek işinde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we mümkinçilikleriniň ösüşini maslahatlaşyp, taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary bellediler. Şol çarçuwada taraplar gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ýokary derejedäki saparlary gurnamaklyga gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat edaralaryň ugry boýunça netijeli gepleşikleriň mundan beýläk hem  giňeldilmeginiň möhümdigi bellenildi, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ösüşine taraplaryň gyzyklanmasy bildirildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri bellenilip, şol ugurlaryň arasynda taraplar elektroenergetika pudagy, dokma we obasenagat ulgamlaryny bellediler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ornuny belläp, taraplar bilelikde çäreleri gurnamak boýunça birnäçe teklipleri aýtdylar. Taraplar syýahatçylyk aragatnaşygynyň ösüşine hem gyzyklanma bildirdiler. Şoňa görä-de, jenap Ilçi Türkmenistanyň baý medeniýetiniň we gadymy taryhynyň ornuny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi