icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 oktýabr 2017

1028

Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy

2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň çözülmegini ýokarlandyrylmagy barada bellenip geçildi. Türkmen tarapynyň bellemegine görä, bu meselä ynsanperwer, syýasy we sosial-ykdysady tarapdan seretmek zerurdyr. Bellenilen meseläniň wajyplylygyny nazara alyp 2012-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly Halkara maslahatda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň işini BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi bilen täzeden dowam etdirmek maksadalaýyk hasaplanyldy.

Şol bir wagtda, bosgunlaryň Olimpik ýygyndysynyň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy bilen bagly, Ženewa şäherinde bolup geçen BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň we Braziliýanyň başlangyjy bilen 30 döwletiň awtordaşlygynda “Bosgunlaryň Olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek” ýüzlenmesiniň işlenip taýýarlanylandygy we kabul edilendigi bellenilip geçildi. Bosgunlaryň Olimpik ýygyndysynyň Aziýa oýunlaryna gatnaşmaklygy ýokarda agzalan ýüzlenmäniň tejribede durmuşa geçirlişiniň ilkinji gadamy bolup durýar. Bilelikdäki Ýüzlenmäniň geljekde durmuşa geçirmegiň maksadyna laýyklykda, Türkmenistan BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen bilelikde iş meýilnamasyny işläp düzdi we ol meýilnamany iş ýüzüne geçirmäge başlady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan 2018-nji ýylda BMG-niň arka durmagy bilen Olimpiýa hereketinde bosgunlaryň ähmiýeti bilen bagly  Türkmenistanda halkara maslahatyň geçirmekligi teklip edildi.

Soňra BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi 2012-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly Halkara maslahatda kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny aýratyn belläp geçdi. Dünýäniň häzirki ýagdaýyny nazara alyp bu resminamany ýerine ýetirmek möhüm mana eýedigi bellenilip geçildi.  

Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine gatnaşmaklygynyň çäklerinde BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary kommisary F.Grandi bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn hem, F.Grandi bilen bolan duşuşykda türkmen tarapy Türkmen hökümeti bilen BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary kommisarlygynyň 2017-nji ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriniň sanawyny durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2018-2019-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp düzmekligi teklip edildi.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti Migrasiýa işi boýunça Halkara guramasynyň baş müdüriniň orunbasary Laura Tompson bilen bolan duşuşygyň dowamynda, Türkmenistanda kabul edilen “2016-2018-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy Milli maksatnamany” iş ýüzüne geçirmeklik baradaky meselelere garalyp geçildi.  

Ýokarda agzalan duşuşyklaryň dowamynda aýratyn ünsi Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 36-njy sessiýasynda «Bosgunlaryň Olimpik toparynyň parahatçylyk we adam hukuklary boýunça möhüm goşandyny höweslendirmek» bilelikdäki beýannamany iş ýüzüne geçirmeklik baradaky meselä aýrayn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi