icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 noýabr 2017

697

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri bilen duşuşyk

 2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  RECCA VII işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hindistanyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar bilen duşuşyk geçirildi.

Owganystanda parahat galkynyş prosesine, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek işine işjeň gatnaşylýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, taraplar RECCA VII çäklerindäki işjeň herekete kanagatlanma bildirdiler.

Özara gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda giňeltmegiň mümkinçilikleri esasy serişde boldy. Ýola goýlan önjeýli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar himiýa senagaty, energetika we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşyp, taraplar döwletara TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini nygtadylar. Mundan başga-da taraplar, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň işini geljekde hem işjeňleşdirmegiň ornuny bellediler.

 

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi