icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

738

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda  Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

 Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan dabaraly açylyşyna ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

 Özbek wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Tanzila Narbaýewa döredijilik çäresine gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde döredijilik çäresiniň ähmiýetini belledi.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Özbegistanyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Myhmanlarymyzyň türkmen halkyna bolan mähirli duýgularynyň, ýürekdeşliginiň çuňlugyny görkezýän ajaýyp halk we estrada sazlary hem-de aýdymlary, folklor we tans çykyşlary konsertiň maksatnamasynyň özenini düzdi.

 Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň baý medeni mirasy, tebigaty we zehinli adamlary, şeýle hem Özbegistanyň medeniýet we sport ulgamlaryndaky gazananlaryny açyp görkezýän foto sungatynyň sergisi ýaýbaňlandy.

Şol gün Özbegistanyň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde medeniýet we sungat ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

14-nji noýabrda döredijilik çäresiniň çäklerinde “Awisenna” kinofilminiň görkezilişi bolar. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň kyssaçylary we şahyrlary duşuşar. Agşam bolsa “Watan” kinokonsert merkezinde ýene-de özbek sazlary we aýdymlary ýaňlanar.

Myhmanlar üçin Aşgabadyň ajaýyp ýerleri, paýtagtymyzyň muzeýleriniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdyrmagy öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri 15-nji noýabrda demirgazyk welaýatymyzyň merkezi bolan Daşoguzda tamamlanar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi