icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

728

Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Raj Nuşirwan bin Zaýnal Abidin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara derejesindäki işjeň hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylygy saklamak we durnukly ösüş boýunça başlangyçlarynyň möhümdigini belledi we ýurduň daşary syýasat ugruna kanagatlanma bildirdi.  

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar özara hyzmatdaşlygy geljekde hem güýçlendirmegiň meselelerine garadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy hasaplanýan ýangyç-energetika pudagyny nazara almak bilen, taraplar täzeçe görnüşde  kooperasiýalary döretmek ýoly bilen ykdysadyýet ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Merkezi Aziýada we Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ýurduň bitaraplyk derejesiniň ornuny nygtadylar.

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy üpjün etmegiň tarapdary bolup durýar we onuň ykdysady ösüşine syýasy-diplomatiki usullar bilen ýetmeklik üçin çykyş edýär, diýip bellenildi. Taraplar sebit we halkara derejesinde netijeli gurallary döretmäge hyzmat etjek  RECCA VII maslahatynyň önjeýli netijesine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi