icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

870

USAID-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň direktory bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen USAID-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň direktory K.Edwardsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümetiniň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID) arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we ony ýokary derejä çykarmagyň wajypdygyny aýtdylar. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki döwri üçin meýilnamanyň işläp taýýarlanylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Bilelikdäki işlere gysgaça syn bermek bilen,  taraplar birnäçe bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ýoly bilen Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça teklipleri beýan etdiler. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda energetika, ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlary bellenildi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Owganystanda howpsuzlygy, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça gyzyklanmasy we ýurduň bu ugurda oňaýly tejribesi hem-de anyk strategiýasy bellenilip, görkezilen ugurlarda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça teklipler aýdyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi