icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 noýabr 2017

930

Eýrana türkmen ynsanperwer kömegi ugradyldy

Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi.

 Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer ýörelgelerine esaslanylandygy hem-de Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alnandygy bellenilýär.

Derman serişdelerinden ybarat bu gymmatly ýüki gowşurmak çäresi Maşat şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň farmasewtika ammarynda geçirildi. Bu uniwersitetiň azyk iýmiti we derman serişdeleri boýunça prorektory doktor Saberi çärede Eýran tarapyna ýolbaşçylyk etdi.

Dabara şeýle hem Horasan Razawi welaýatynyň adatdan daşary amallarynyň direktory Ahmad Sahebnasag hem-de Maşat şäheriniň lukmançylyk uniwersitetiniň dermanhana edarasynyň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Olar Eýranyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna şeýle agyr pursatda goňşy eýran halkyna beren goldawy we kömegi üçin hoşallyk bildirdiler.

 Çärä Eýranyň esasy köpçülikleýin habar beriş senişdeleriniň wekilleri, Horasan Razawi welaýatynyň telewideniýesiniň žurnalistleri we operatorlary gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi