icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 noýabr 2017

771

Er-Riýadda“Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad ş.) Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Dabara Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Faýsal adyndaky Ylmy barlag we Yslamy öwreniş merkeziniň (KFÇRIS), Ylmy barlarlar we özara aragatnaşyk bilimleri Merkeziniň (ÇRIK) ylmy işgärleri, iri maýa goýum şereketleriniň wekilleri, ýerli “Er-Riýad” gazetiniň we “Al-Hayat” gazetiniň habarçylary we türkmen kowmynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň barşynda, üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde çapdan çykan Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynda Beýik Yüpek ýoluna ajaýyp taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýandygy, onuň baý medeni mirasa eýe bolan hem-de geljekki nesilleriň bu hazynany öwrenmegi we goramagy üçin uly tagallalary edýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mysalynda gadymy dünýäniň bu ajaýyp hadysasynyň nähili çuňňur yz goýandygy barada gürrüň berildi.

Dabara gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, bu ajaýyp we baý mazmunly kitapda sebitiň we dünýä ýurtlarynyň häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek üçin hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi  gazanmagyň hökmandygy nygtalýar. Olar Türkmenistanyň gadymy taryhly we medeni däp-dessurly döwlet bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmagy tötänleýin däldir, diýip bellediler.

Dabaranyň ahyrynda, gatnaşyjylara “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi we türkmen myhmansöýerlik däbine mahsuslykda türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi