icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 noýabr 2017

787

Abu-Dabida Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Abu-Dabida Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy tarapyndan gurnalan dabaraly çärä BAE-nda akreditirlenen daşary ýurtly ilçiler we diplomatlar, akademik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem BAE-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurtda ýaşaýan türkmenleriň işjeň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda türkmen döwletiniň baştutanyň täze işi giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigi bellenildi. Taryhy tejribä esaslanýan bu kitap, parahatsöýüjilik we goňşuçylyk däplerini, türkmen halkynyň ruhy mirasyny hormatlaýan Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny, onuň sebit we ählumumy integrasiýa we ösüşe ymtylmasyny görkezýändigi bellenilip geçildi. Kitapda öňe sürülýän baş pikir Bitarap Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki başlangyçly we döredijilikli posiziýasyny düşündirýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýolunyň ulag akymlaryny işjeňleşdirmek maksatly ýyllaryň dowamynda alyp barýan syýasy we diplomatik işleriniň içinde Gazagystan-Türkmenitan-Eýran demir ýoly gurlup ulanylmaga berilmegi, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurda birnäçe awtomobil we demir ýol geçelgeleriň gurulmagyny mysal getirip bolar. Amuderýanyň üsti bilen geçýän iki sany uly – awtomobil we demir ýollarynyň köprüleri gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolynyň gurlyşygy başlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda transport infrastrukturasynyň hemme görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli gurluşyk taslamalary alnyp barylýar. Ýokarda aýdylanlaryň hemmesi Beýik Ýüpek ýolunyň giňemegine we işjeňleşmegine getirýär.

Dabara gatnaşyjylar, esasan hem diplomatik korpusyň wekillleri Türkmen Lideriniň üç dilde neşir edilen täze kitabynyň Beýik Ýüpek ýoly fenomeniniň ruhy we taryhy-medeni esasyny düşündirmekdäki örän möhüm ornuny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi