icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 dekabr 2017

710

Belarus Respublikasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy öz edara jaýynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp “Döretmek we ösmek Tükmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Wekiller palatasynyň işgärleri, Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de GDA agza döwletleriň hemişelik wekilleri, şeýle hem Minsk şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylar düzümi we talyplary gatnaşdylar.

Maslahaty Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi açyp, ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen kabul edilen “Bitaraplygyň halkara güni” atly Kararnama laýyklykda, bu baýramçylyk dünýä taryhynda birinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen güni hökmünde 12-nji dekabrda bellenilmegi - Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilendigini belläp geçdi.

Geçirilen maslahatda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili hem-de Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri taýýarlaýan institutynyň rektory çykyş edip, olar Türkmenistanyň öz halkara - hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarlydygy hem-de bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde birkemsiz durmuşa geçirýändigi barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylary Ilçihanada döredilen Medeni merkeziň gadymy eksponatlary bilen hem tanyşdyryldy.

Maslahatyň barşynda türkmen talyplary Watany, baky Bitarap Türkmenistany wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirip, maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara, Garaşsyz Bitarap Türkmenistan barada ýörite taýýarlanylan wideo şekil görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi