icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 dekabr 2017

777

Türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň dokuzynjy mejlisi

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň söwda senagat edarasynyň başlygy, awstriýa tarapyndan Awstriýa Respublikasynyň ylym, barlaglar we ykdysady Federal ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessig başlyklyk etdi.

Mejlisiň başynda taraplar 2016-njy ýylda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wenada bolup geçen sekizinji toparyň mejlisiniň jemleri boýunça ýetilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda turkmen-awstriýa bilelikdaki toparynyň ýyl boýunça edilen işleriniň jemlerini jemlediler.

Öňki ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirlişine oňaýly baha berip, taraplar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanşygynyň ýagdaýy barada maglumat berdiler we geljekde ony ösdürmek baradaky teklipler bilen çykyş etdiler. Şunlukda tarapalar şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda baglaşdyryjy düzüm bolar we iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam eder diýip belläp geçdiler.

Mejlisiň barşynda taraplar ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň we pugtalanmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-hem hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça işçi toparlaryň mejlisleriniň ýygy-ýygydan geçirilip durmagynyň we iki dowletiň çäklerinde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara we mejlislere gyzyklanma bildirýän türkmen we awstriýa işewür toparlarynyň işjeň gatnaşmaklarynyň möhümdigi bellenilip geçildi.

Türkmen–awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça jemleýji ähtnama gol çekildi.

Mejlisiň işiniň çäklerinde türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi şeýle-hem, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.  

Ondan başga-da, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Awstriýanyň «Cobario» saz toparynyň konserti boldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi