icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2017

763

Aşgabatda Türk medeniýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirilýär

2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, talyp ýaşlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Medeni çäräniň açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Omer Arisoý iki doganlyk halkyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylygynyň, iki ýurduň özara bähbitli doly derejeli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýandygyny belledi.

Soňra türk artistleriniň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna Türkiýäniň Döwlet opera we balet teatrynyň aýdymçylarynyň, folklor sungatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi.

Ir bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türk wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi, bu ýerde ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýäniň halk senetçiliginiň we fotosungatynyň sergisi açyldy. Amaly-haşam sungatyna köpsanly sarpa goýýanlarda ussatlyk bilen galaýydan ýasalan, aýnadan edilen nagyşly önümler, külalçylyk, bezegli sandyjyklar we hasalar, matalara çekilen keşdeler, kümüş şaý-sepler, “ebru” usulynda çekilen suratlar uly gyzyklanma döretdi.

6-njy dekabrda döredijilik çäresiniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň duşuşygy geçiriler. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda hem-de türkmen we türk artistleriniň konserti bolar.

Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň binagärlik desgalary bilen tanyşlygy öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi