icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2017

909

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine seretdiler

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa bileleşiginiň Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça Ýewropa gullugynyň daşary syýasat işi boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Pýer Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri goşuldy. ÝB-niň institutlary we döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň gyzyklanmasyny belläp, taraplar gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek we täze derejä çykarmak babatda teklipleri beýan etdiler. Şunlukda ýokary derejelerdäki duşuşyklary gurnamagyň zerurlygy bellenilip, hökümetara gatnaşyklary ösdürmek boýunça teklipler aýdyldy.

Gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar we olary geljekde ösdürmek babatda teklipleri beýan etdiler. Mundan başga-da taraplar energetika we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Türkmenistanyň Ýewropa hyzmatdaşlary bilen köpugurly gatnaşyklary geljekde güýçlendirmek üçin ygtybarly ulgamyny emele getirmäge ýardam etmek üçin syýasy geňeşmeleriň, iş duşuşyklarynyň we gepleşikleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi