icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 dekabr 2017

1046

Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara bitaraplyk güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin  türkmen paýtagtyna gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýylbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy dialogy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe meselelere seredip geçdiler. Taraplar ýokary derejede syýasy gepleşikleri güýçlendirmegiň, diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň ugurlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp geçdiler.

Şeýle-hem ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda netijeli türkmen-gyrgyz gatnaşyklary üçin ýeterlik derejede kuwwatyň we mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. Yzygiderleýin esasda geçirilip durýan duşuşyklar geljekde Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň ösmegine ýardam eder diýlip ynam bildirildi. 

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ornuny belläp geçdiler we bilelikdäki çareleri geçirmek arkaly geljekde olary ösdürmek bilen bagly tekliplerini aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi