icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 fewral 2018

657

Zagrebde türkmen-horwat syýasy geňeşmeleri geçirildi

2017-nji ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýobaşçylygyndaky wekiliýeti türkmen-horwat syýasy geňeşmelerine gatnaşmak üçin Zagreb şäherine sapar bilen bardy.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet Sekretary h-m Zdrawka Buşiç tarapyndan kabul edildi.

Geçirilen türkmen-horwat syýasy geňeşmelerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda özaragatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Şeýle hem taraplar halkara gün tertibiniň esasy meseleleri, sebitleýin howpsuzlygynyň we hyzmatdaşlygynyň meseleleri babatda pikirleri alyşdylar. Şunlukda, halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy. ÝB-Türkmenistan formatynyň çäginde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselesi aýratyn orun eýeledi.

Özara dostlukly gatnaşyklary ösdürmek meýillerini beýan edip, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn we yzygiderli ösüşi hökmünde çykyş edýän ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem taraplar türkmen-horwat parlamentara gepleşiklerini ýola goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň wajyplygy bellenildi.

Gumanitar ulgamyna seredip, taraplar medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygralydygyny bellediler. Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiligi baradaky meselesine garaldy.

Şeýle hem Zagreb şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Horwatiýa Respublikasynyň Saborynda (Parlamentinde) duşuşygy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi