icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 fewral 2018

997

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular.

Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler.

  Geçirilýän çäre mynasybetli bu ýere medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary ýygnandylar.

Çykyş edenler bu çäräniň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmekdäki, biziň halklarymyzyň dostluk we doganlyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar. Eýranyň medeniýet günleriniň Aşgabatda geçirilmeginiň medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekligi bellenildi.

Bu ýere ýygnananlar şeýle hem medeni çäräniň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Onuň başyny dostlukly ýurduň artistleriniň beren konserti açdy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Horasan welaýatynyň sazandalarynyň we aýdymçylarynyň, gadymy taryhly Töwriz şäherinden gelen “Araz” folklor toparynyň çykyşlary boldy. Eýran artistleri nusgawy sazlary, Gündogar şahyrlarynyň goşgularynyň esasynda aýdylýan gadymy şahyrana heňleri ýerine ýetirdiler, şeýle hem ajaýyp aýdyň horeografik çykyşlary görkezdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde goňşy ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolar. Sergide eýran kalligraflarynyň, miniatýurçylarynyň, grawirleýjileriniň, halyçylarynyň, agajy we daşy ýonujylaryň we beýlekileriň işleri görkeziler. Şeýle hem iki ýurduň halk ussatlarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynda şeýle hem “Aşgabat” kino merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň kinematografiýasynyň esasy ugurlaryny has doly açýan filmleriň görkezilişi girizildi. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda iki ýurduň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bolar. “Watan” kinokonsert merkezinde bolsa eýran folklor we toparynyň konserti geçiriler.

Myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman ugurdaş desgalar bilen tanyşdyrýan uly maksatnama taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde bolan Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň kabul edişliginiň barşynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegi gadym döwürlerden bäri taryhy we medeni umumylyklar bilen baglanyşykly biziň halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň anyk ýörelgelerini aýdyň tassyklaýar.

9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlanar. Onda sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi