icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 fewral 2018

791

Ýerewanda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek bilen bagly kararnama bagyşlanylyp brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Noýan Tapan” habarlar agentliginde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama bagyşlanan brifing geçirildi.

Çärä Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara gurmalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, Ýerewanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylara 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň 72-nji ýygnagynda 74 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamanyň kabul edilendigi aýdyldy.

Brifingiň dowamynda myhmanlar Türkmen döwletiniň ulag syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanda 2018-nji ýyl “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi. Türkmen döwletiniň ýurt baştutanynyň sözleri bilen aýdanyňda “Türkmenistan üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär”.

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň serhetinden Owganystanyň içinden geçjek nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna, Türkmenistan - Owganystan - Päkistan elektrik geçirjisiniň gurluşygyna badalga berilmegi we Mary welaýatynda serhetýaka Serhetabat menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljekdigi barada ýygnananlara aýdylyp geçildi.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda Milli Lideriň ýolbaşçylygynda ulag ýollarynyň ösmegi bu gün üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar biziň sebitimiziň Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn şertleri döredýär.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi