icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 noýabr 2023

1585

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi