icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

15 noýabr 2023

1101

Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Wenadaky baş binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarowyň Agentligiň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa hem-de Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler hem-de öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.

 

Türkmenistanyň Mejlisi agzalan Konwensiýalara goşulmagy 2023-nji ýylyň oktýabrynda goldady. Bu konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan soň 30 günden bu Konwensiýalar Türkmenistan üçin güýje girýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi